«Türkmenistan sportuň, ýeňişleriň ýurdudyr!»

    Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilen çärelere hormatly myhmanlar, sport ussatlary bilen bir hatarda iri halkara ýaryşlarda ýaşyl Tugumyzy belentde parladan ildeşlerimiz hem işjeň gatnaşdylar. Olaryň hatarynda garyşyk başa-baş söweş boýunça türkmen pälwany, Absolute Championship Akhmatyň (ACA) ýarym agyrlyk derejede çempiony Döwletjan Ýagşymyradow hem bar. Başa-baş söweş sungaty barada gürrüň edilende, ildeşlerimiziň söhbedi Döwletjanyň ussatlygyna, gatnaşan ýaryşlaryna syrygýar. Ol dünýäde başa-baş söweş bilen bagly duşuşyklary guraýan iri guramanyň düzüminde çykyş edýär.
    Ildeşlerimiziň söýgüsini gazanan ussat türgen sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem-de sportuň baýramynda ýürek buýsanjyny beýan edip, sportda gazananlary, öňde duran maksatlary barada şeýle gürrüň berdi.
    — Bütindünýä saglyk gününiň dabaraly bellenilmegi, milli Liderimize dünýä derejesinde sambony ösdürmäge goşan goşandy üçin güwänamanyň hem-de ýadygärlik nyşanyň gowşurylmagy bilen hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sylag hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nyşanydyr. Ata Watanymyz — Türkmenistan sportuň, ýeňişleriň ýurdudyr.
    Gahryman Arkadagymyzyň Bütindünýä saglyk gününiň dabaralaryna gatnaşmagy, Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidentini kabul etmegi, FIAS-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň türkmen paýtagtynda 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmegi bizi örän guwandyrýar.
    2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünlikli geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende göterdi. 2020-nji ýylda Aşgabatda sambo boýunça dünýä çempionatynyň hem ýokary derejede geçiriljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Olimpiýa şäherçesinde bu ýaryşlary mynasyp derejede guramak üçin ähli mümkinçilikler bar.
    Hormatly Prezidentimiz sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini, olimpiýa hereketiniň ösdürilmegini işjeň wagyz edýär, bize nusgalyk görelde bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň sport ussatlygyny, ähli tilsimlerini türgenler içgin öwrenýärler. Ol bizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar.
    Ata Watanymyza ýeňişler bilen dolanmak — biziň üçin uly mertebe!
    2012-nji ýyldan bäri iri sport ýaryşlaryna gatnaşýaryn, ýagny 24 ýaşymda karate boýunça ýurdumyzyň çempiony boldum. Indi ençeme ýyl bäri başa-baş söweş sungaty bilen meşgullanýaryn.
    Men Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojameresen obasynda doguldym. Ýaşlykdan mekdebimizde açylan karate bölümine gatnap, söweş sungaty boýunça ilkinji halypam Jorakuly Jumaýewden tälim aldym. Soňra Türkmenabatda kikboks boýunça, göreşiň inçe tilsimlerini ele almak maksady bilen, greppling sportundan türgenleşdim. Bulardan başga-da, sportuň pankration hem-de fri-faýt görnüşleri bilen meşgullanýaryn.
    Elbetde, ähli ýaryşlara-da ýokary derejede taýýarlyk zerur. Türgenleşikler ýeterlik wagty, yhlasy, maksada okgunlylygy talap edýär. Bu babatda tälimçileriň hem maslahatlary zerur. Tälimçilerimden Anton Baçaraşwiliniň, Karen Dalatýanyň, Alekseý Aleýnigiň, Edgar Garibýanyň atlaryny bellemek isleýärin. Olardan öwrenenlerimi ildeşlerime, ýaş türgen deň-duşlaryma höwes bilen geçirýärin. Sporta ykbalyny baglan ildeşlerimiz bilen türgenleşmek mende uly höwes döredýär. Paýtagtymyzda ýaş türgenler bilen birnäçe gezek türgenleşdik.
    Başa-baş söweş boýunça täze halkara ýaryş bolan Absolute Championship Akhmatyň (ACA) ýarym agyrlyk derejede çempiony bolmak bagty miýesser etdi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň fewralynda Warşawanyň «Torwar-arena» sport toplumynda geçirilen ýaryşda 93 kilograma çenli agram derejesindäki pälwanlaryň arasynda ýaryşyp, polşaly 38 ýaşly pälwan Karol Selinskini (16-7-1) dördünji raundda nakaut bilen ýeňdim.
    Bu ýaryşa 2017-nji ýylda goşulyp, bäş ýeňiş gazandym, ACA-nyň çempionlyk guşagyna eýe boldum.
    Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin giň şertleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýaryn. Geljekki ýaryşlarda döwletimiziň ýaşyl Baýdagyny belentde parlatjakdygyma tüýs ýürekden ynandyrýaryn.