Mediaforum geçirildi 

    Mary şäherinde welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli mediaforum geçirildi. «Sport — ruhubelentlik, sagdynlyk, rowaçlyk» ady bilen geçirilen bu mediaforuma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de çäräni guraýjy taraplaryň wekilleri gatnaşdylar. 
    Mediaforumda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde sporta we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň sazlaşykly ösdürilmegine uly üns berilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, raýatlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek bilen baglanyşyklydyr. Bu barada Mary welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Kakalyýewa öz çykyşynda giňişleýin belläp geçdi. Onuň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň iň uly baýlygy bolan ynsan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny belent sepgitlere ýetirdi. Maksatnamanyň çäklerinde köp sanly hassahanalar, saglyk öýleri, saglygy goraýyş desgalary, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Ulgamda alnyp barylýan özgertmeler, ilki bilen, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga gönükdirilendir. Bu ugurda hassahanalarda we saglyk öýlerinde «Nesil saglyk otagy» merkezleri döredildi. Saglygy goraýyş edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmakda, olary täze kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün etmekde, lukmanlaryň işini döwrebap talaplara ýetirmekde uly işler durmuşa geçirildi. Munuň özi işiň hiliniň has ýokarlanmagyna getirdi. 
    Diýarymyzda saglyk ulgamyna berilýän şeýle üns-aladanyň netijesinde türkmen türgenleriniň iri sebit we halkara ýaryşlara gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Umuman, häzirki wagtda sportuň dürli görnüşlerinden baş çykarýan türgenleri ýüze çykarmak, olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmek bilen bagly degişli işler durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde bolsa ýurdumyzda sport ýaryşlaryna yzygiderli badalga berilýär. Bu barada Mary welaýatynyň ýöriteleşdirilen «Olimpiýa» ätiýaçlyk sport mekdebiniň ITF «Taekwondo» boýunça tälimçisi, halkara derejeli emin Maksat Babaýew şeýle gürrüň berdi: 
    — Ýurdumyzda adam saglygy barada uly alada edilýär. Sport saglygyň girewi hasaplanýar. Häzirki wagtda biziň mekdebimizde başlangyç taýýarlyk toparlarynda 1-nji ýyl türgenleriniň 40-a golaýy sportuň ITF «Taekwondo» görnüşi boýunça tälim alýar. Ýaş türgenlerimiz welaýat, döwlet, halkara derejelerde geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýar. Olar şu mediaforumyň açylyşynda hem görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzda sporta höwesli ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy bizi diýseň buýsandyrýar. Men sportuň bu görnüşi boýunça indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanyp gelýärin. Sport söýüji türkmen ýaşlarynyň, tälim alýan ýetginjekleriň döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, geljekde hem uly üstünlikleri gazanjakdyklaryna ynamymyzyň uludygyny aýdasym gelýär. 
    Mahlasy, bu mediaforumda ýurdumyzda saglyk ulgamynda alnyp barylýan işler, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi dogrusynda täsirli gürrüňler edildi, olar boýunça sowal-jogaplar alşyldy. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar we asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, il bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.