Sanly ykdysadyýet: syýasat ykdysadyýete gulluk eder

    Milli Liderimiziň ählihalk saýlawlary esasynda sesleriň aglaba köplügini alyp Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, «Syýasat ykdysadyýete gulluk etmelidir» diýen ynsanperwer şygary öňe sürmegi «Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň çäklerinde Watanymyzyň jemgyýetçilik, syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda düýpli özgerişleriň bolup geçmegine, döwletimiziň bedew bady bilen ösüşlere ilerlemegine we uly-uly sepgitlere ýetmegine getirdi. Milli Liderimiz ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmak, onuň halkara at-abraýyny, mertebesini öňküden-de belende götermek, halkymyzy has bolelin, asuda durmuşda ýaşatmak üçin asyrlara barabar işleri durmuşa geçirdi. 
    Häzirki wagtda döwlet we onuň baş syýasaty ykdysadyýetiň ösdürilmegini, onuň ösmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilmegini üpjün edýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň geçirýän her bir duşuşyklarynda, maslahatlarynda, ýygnaklarynda has hem anyk göz ýetirýäris. 
    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Şol sanda türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işi barha giň gerime eýe bolýar. Täze ýylyň ýaňy bir ýarym aýyny geçirendigimize garamazdan, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda halk bähbitli işleriň birnäçesi bitirildi, ýene birnäçesiniň bolsa binýady goýuldy.
    Hormatly Prezidentimiz 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň käbir agzalary bilen geçiren sanly wideoaragatnaşyk boýunça nobatdaky mejlisinde bazar gatnaşyklarynyň kemala gelýän şertlerinde döwletimiziň ykdysady we durmuş syýasaty bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, pudaklary ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň barşyna seredilmegi, ministrlikleriň we edaralaryň düzümlerini üýtgetmek hakynda möhüm çözgütleriň kabul edilmegi hem ýokarda aýdanlarymyza şaýatlyk edýär.
    Ykdysadyýet ulgamynda innowasion ösüşi çaltlandyrmak, şol bir wagtda internetden peýdalanmak we maglumat tehnologiýalar ulgamyny işjeňleşdirmek arkaly sanly ykdysadyýeti giň gerimde ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň döredijilikli syýasatynyň strategik ugurlarynyň hatarynda durýar. 
    Hormatly Prezidentimiz 7-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» Döwlet maksatnamasynyň doly derejede amala aşyrylmagyna hyzmat etmelidir» diýip belledi. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmek boýunça gaýragoýulmasyz işi geçirmegiň zerurdygyna deputatlaryň ünsüni çekdi. Eger-de döwletiň ykdysadyýeti diňe bir käbir pudaklara daýanmak bilen çäklenmän, eýsem, diwersifikasiýa ýoly bilen, ýagny köp ugurlar boýunça deň agramly ösýän bolsa, onda şol döwlet ýokary derejede  ösen döwlet hasaplanyp bilner. 
    Hormatly Prezidentimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi baş ýörelge hökmünde kabul etdi. Munuň özi ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmegiň, şeýlelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmagyň iňňän ygtybarly ýoludyr. Şol esasda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň öňden dowam edýän pudaklary täze hil derejesine ýokary göterilip başlandy. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna döwrebap halkara tejribesiniň we täze tehnikalaryň, tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, halkara we sebit derejeli ulag düzüminiň döredilmegine, döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýynyň ýokarlanmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna we innowasion enjamlaryň içgin ornaşdyrylyp başlanmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu bolsa hünärleriň täze görnüşleriniň emele gelmegine esas bolup hyzmat etdi. 
    Ýurdumyzyň ýokary makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösýändigine şaýatlyk edýär. Örän buýsandyryjy wakalaryň hatarynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» birinji tapgyryndaky wezipeler durmuşa geçiriler, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm ädimler ädiler.
    Mälim bolşy ýaly, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady ulgamda önümçilik serişdeleri, esasan, hususy eýeçilikde bolýar. Bu ykdysady ulgamda erkin telekeçilige giň ýol açylyp, haryt önümçiligi erkin bäsdeşlik esasynda ösýär. Ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hem hususy öndürijileriň sanynyň artmagy we telekeçiligiň ösmegidir. Şeýlelikde, ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli hususy kärhanalaryň giň toplumy kemala geldi.
    Dünýä ykdysadyýetinde her bir döwletiň ösüşi onuň öndürýän we daşarky bazarlara çykarýan önüminiň möçberi bilen kesgitlenýär. Häzirki wagtda Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda satyn alynýan önümiň mukdaryny azaltmak we öndürilýän hem-de dünýä bazarlaryna çykarylýan önümleriň mukdaryny köpeltmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ýörelgäni durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyrylan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de onuň düzüminde kemala gelen hususy kärhanalaryň orny uludyr. Şeýle kärhanalaryň gurulmagy bilen ýurdumyzda iş orunlarynyň artýandygy, şeýle hem ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine degişli meseleleriň hem çözülýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
    Goý, «Döwlet adam üçindir!» diýip, döwletiň ähli gymmatlyklaryny raýatlarynyň bähbidine gönükdirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!