TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

    4-nji aprelda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.
    Ilki bilen Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda kanunçylygy we tertip-düzgüni berk berjaý etmek boýunça iş ýüzünde durmuşa geçirilýän çäreler barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berdi. Şeýle hem ministrligiň harby gullukçylarynyň durmuş goraglylygyna degişli meseleleri çözmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berildi.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyzyň türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini belledi. Munuň özi jemgyýetimizde asudalygyň, degişli tertip-düzgüniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli harby we hukuk goraýjy edaralarynda bolşy ýaly, bu düzümde hem ýokary derejeli gulluk we ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, milli howpsuzlyk ministrine Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolan ýurdumyzyň durmuş bähbitlerini goramak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň dessin-gulluk işlerinde täzeçil usullaryň işjeň peýdalanylmagynyň wajypdygyny belledi. Düzümiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli guralmagy, şeýle hem ýollarda sürüjiler we pyýadalar üçin oňyn şertleriň döredilmegi, ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegi ýaly ugurlar möhüm orun eýeleýär. Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
    Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmelidigi baradaky meseläniň üstünde durup, şäher ýollarynda hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwlet tarapyndan kesgitlenen ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny amala aşyrýan ýöriteleşdirilen ulaglaryň hereket edýändigine garamazdan, şeýle hyzmata ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň bikanun hereket edýän ýagdaýlary ýüze çykýar.
    Ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýanlarynyň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda içeri işler ministriniň alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin içeri işler ministri I.Mulikowa berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek boýunça oňa soňky gezek duýdurylýandygyny ýatlatdy.
    Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew ýaýbaňlandyrylan giň möçberli harby özgertmeleriň, Milli goşunyň düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň döwrebap gulluklary we ýokary derejeli ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
    Şeýle hem ministr çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyryşy hakynda hormatly Prezidentimiziň Permanyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
    Goranyş häsiýetine eýe bolan we üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinadan gelip çykýan möhüm wezipelere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz Milli goşunymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen toplumlaýyn çäreleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi. Serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, taktiki okuw türgenleşiklerini guramak we esgerleri harby-watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek boýunça degişli çäreler geçirmek Goranmak ministrliginiň işiniň esasy ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de harby düzümlerde düzgün-tertibiň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
    Ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň düýpli we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urup, halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän kanunçylygyň ygtybarly binýadyny döredendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet edaralarynyň işi Türkmenistanyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň uly geljegi bolan wezipelerine laýyklykda alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
    Kazyýet önümçiligi ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, kazylaryň gelýän netijelerinde kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
    Baş prokuror B.Atdaýew ýurdumyzyň prokuratura edaralarynda 2019-njy ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
    Kanunçylygyň berk berjaý edilişini, adamlaryň we her bir raýatyň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem jemgyýetiň we döwletimiziň bähbitleriniň üpjün edilişi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärli we ak ýürekden çemeleşmelidiklerini belledi.
    Şunlukda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda prokuror barlaglarynyň geçirilişine degişli derejede çemeleşilmeginiň wajypdygyna ähmiýet berildi. Prokuratura edaralarynyň işgärler düzümini berkitmegiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda Baş prokurora anyk görkezmeleri berdi.
    Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda eziz Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze serhet galalaryny gurmak, ozal bar bolanlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreler barada habar berildi.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň dostluk we doganlyk serhediniň eldegrilmesizdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň öňde durýan wezipeleri Harby doktrinadan ugur almak bilen çözmelidigini aýdyp, Serhet goşunlarynyň şahsy düzüminiň söweşjeň taýýarlygyny hemişe ýokarlandyrmagy, esgerleriň netijeli gulluk etmegi we olaryň ýaşaýyş-durmuşy hem-de boş wagtlaryny göwnejaý geçirmegi üçin şertleri döretmek boýunça işleri kämilleşdirmegi tabşyrdy.
    Milli Liderimiz ýokary derejeli serhet gullugyny alyp barmakda serhet galalaryny iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmegiň ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, garamagyndaky bölümleriň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmek barada anyk görkezmeler berildi.
    Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, düzümleýin bölümleriň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa yklymynyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň häzirki döwürde ornunyň artýandygyny belledi. Bu ýagdaý gullugyň işgärlerinden uly jogapkärçiligi talap edýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we ýerlerde gözegçilik-geçiriş nokatlarynda bar bolan öňdebaryjy enjamlardan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.
    Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň, işgärleri içgin seçip almagyň zerurdygyny aýdyp, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
    Soňky ýyllarda ýurdumyzyň halkara ähmiýetli maslahatlaryň we çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýändigini we ýurdumyza gelýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sanynyň artýandygyny nazarda tutup, Döwlet gümrük gullugynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
    Adalat ministri B.Muhamedow hereket edýän kanunçylygy seljermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri we ýurdumyzyň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kabul edilýän kanunlaryň ählisiniň häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelmelidigini nygtady. Milli Liderimiz dünýäniň oňyn tejribesini hem-de hereket edýän milli kanunçylygyň esasy ýörelgelerini seljermegiň durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyp ugrudygyny belläp, ministre bu meselä jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.
    Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyza gelmegini kadalaşdyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi netijesinde soňky döwürde daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň sany ep-esli artdy.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gullugyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana iş we tanyşlyk saparlary bilen gelýän daşary ýurtly raýatlaryň berk hasabyny üpjün etmäge gönükdirilmelidigini aýtdy. Ösen düzümiň döredilmegi netijesinde, Aşgabat sebit we dünýä derejesindäki iri hem-de örän ähmiýetli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz edaranyň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, dürli ýurtlardan gelýän myhmanlaryň geçmek üçin migrasiýa çäreleri babatda halkara ülňülerine laýyk derejede hyzmatyň üpjün edilmegini tabşyrdy.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2019-njy ýylyň ýanwar — mart aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemläp, türkmen halkynyň döredijilik durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasy düzgünlerinden ugur almak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada hemişe alada etjekdigini belledi.
    Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meseleleriň birnäçesine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
    Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara berk jan saglyk hem-de olaryň eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.