Arkadagly ýyllar — asyrlyk ýollar

    Türkmenistan! 500 müň inedördül kilometre golaý giňişlikde, geografik taýdan amatly ýerde — Aziýanyň we Ýewropanyň möhüm çatrygynda ýerleşýän, tereň derýalaryň, keremli daglaryň, zeminiň hazynaly humy Garagumuň, Hazar deňziniň baý kenarynyň eýesi bolan mekan! Haýsy tarapdan alanyňda-da — tebigy mümkinçilikleri babatda-da, umumadamzat ösüşine goşandy babatda-da, parahatçylyksöýüjilikli syýasaty babatda-da, ýylyň-ýylyna gazanýan ösüşleri taýdan-da dünýä özüni ykrar etdiren ýurt! Bu gün ol rowaçlyklaryň Watany!


    Rowaçlyga rowa görlen
    «Ilki süýji miwe beren daragt soň hem süýji miwe berer. Çeşmäniň suwy gözbaşynda süýji bolsa, aýagynda hem süýjüdir» diýen söz bar. Bu pikiri aýtmak üçin dana ýa-da alym bolmagyň hajaty ýok, elbetde. Munuň özi hälki bir deňeşdirme, onuň dowamynda asyl diýiljek bolýan pikir bar: «Ýagşy işler edip, adamlaryň hormatyna mynasyp bolan adamyň nesli hem ýagşy işleri edýändir». Eýsem, munuň sebäbi nämedekä? Töweregimdäki ynsanlaryň käbirleriniň bu baradaky pikiri bilen gyzyklanyp, şu sowal bilen ýüzlendim. Şonda olaryň biri Magtymguly atamyzyň: «Alkyş bilen är dörär» diýen setirleri bilen jogap berip, ýagşy amala werziş ynsanlaryň haýyr dogalary köp alýandygy, şol dilegleriň hem onuň ýedi puştuny gorap saklaýandygy bilen delillendirdi. Ýene biri, haýyrsöýer adamlaryň öz nesillerini hem çagalykdan şol ruhda, ýagny görelde bilen terbiýeleýändigini, netijede nesilleriniň hem il-güne peýdaly ynsanlar bolup ýetişýändigini aýtdy. Olaryň ikisiniň jogaby hem ýerliklimikä diýýän. Sebäbi olarda Diýarymyzyň rowaçlyklara beslenip, halkymyzyň bal iýip, ýüpek geýýän zamana gowuşmagynyň — rowaçlyga rowa görülmeginiň hikmeti bar. 
    Döwletimiziň rowaçlygyň ak ýolundan öňe barýandygy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýene bir ýola äşgär boldy. Geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan şol mejlisde sözlän sözünde milli Liderimiziň belleýşi ýaly: «Biz geçen ýyl göz öňünde tutan ähli meýilnamalarymyzy diýen ýaly durmuşa geçirmegi başardyk. Ähli pudaklarda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberini artdyryp, täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalary işe girizdik». Bu sözleri anyk maglumatlar arkaly beýan edenimizde bolsa, aşakdaky sanlar ör-boýuna galýar. Geçen ýyl jemi içerki önümiň depgini 6,2 göterim ösdi. Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 11 milliard 200 million amerikan dollaryndan hem geçdi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri köpeldildi. Bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany desga gurlup, ulanylmaga berildi. Bu sanlary zybana getirsek, olar şeýle diýerdi: türkmen indi öndüriji halka öwrüldi, hem-ä içerki bazaryň daşary ýurtlardan gelýän harytlaryň ornuny tutjak önümler bilen üpjünçiligi has artdy, hemem eksporta iberilýän önümler has köpeldi. Dünýä bazarynda tutýan ornumyz ykjamlaşdy. Netijede, gün-güzeranymyz öňküden-de gowulandy — gurplandyk. Ynha, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüş derejesi! 
    «Il gözi — terezi» diýleni. Ýurdumyzyň rowaçlyklaryň Watany hökmünde adygmagy diňe bir biziň öz-özümize berýän bahamyz däl. Dünýä jemgyýetçiligi hem bu babatda biz bilen pikirdeş. Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasynyň missiýalarynyň 2018-nji ýylyň fewral we oktýabr aýlarynda eden beýannamasyny ýatlamak ýeterlik bolsa gerek. Bu abraýly guramanyň wekiliýetleriniň iş saparynyň netijeleri boýunça beýan edilen metbugat hasabatlarynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň düzüminde içerki islegleriň hem-de eksportyň arasyndaky gatnaşyklaryň üýtgändigi, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň artandygy nygtaldy. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalarynyň netijeliliginiň güwäsi dälmi eýsem?!
    Ýeri gelende bellesek, häzirki güne çenli ýurdumyzyň dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy we halkara konwensiýalaryň 150-sine gatnaşmagy hem dünýä bileleşiginiň ata Watanymyza bolan hormatyndan nyşandyr.

    Ösüşlere rowan berlen
    Ösüş diýlende ömür, ömrüň manysy göz öňüne gelýär. 
    Döwür-döwranlar özgerip, döwletimiziň aýaga galmagy-da ösüşiň alamatlaryndan.
    Adamzadyň taryhy barada söz açylanda ýene ösüş bar. 
    Bu düşünje ynsan kowmuny ezelden özüne bendi eýläp, onuň ölçeg terezisine öwrülene meňzeýär. Ömrüň manysy «iki sallançak arasyndaky» kämilligiň bilen ölçenýär.
    Ösüş, has giň manyda düşüneniňde — rowaçlyk! Rowaçlykda bolsa rowanlyk bar. 
    «Möhüm bolan üstünlik gazanmak däl, ony dowam etdirmek» diýen söz, has dogrusy dünýä halklarynyň şygaryna öwrülen düşünje — ynanç bar. Rast dünýä ykrar edipdirmi, diýmek, onuň hakykylyk paýy ýokarydyr. 
    Şu jähetden, Watanymyzyň yzygiderli ösüşi dogry ýoldan barýandygymyzy görkezýär. Hawa, biz häzir ösüşiň şu derejesine geldik. Alla ýardam etse, ýene öseris! Bu sözleri aýtmagymyza esas bolan bir zat bar: beýik ösüşlere atarjak taslamalaryň ýediýyllyk Maksatnamasy! Çünki 2019 — 2025-nji ýyllary öz içine alýan bu Maksatnamada ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça edilmeli işler — maksatlar jikme-jik beýan edilen. 
    Turuwbaşdan, ösüşiň innowasion nusgalaryny döretmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň bellän ugurlarydyr beren görkezmeleriniň, tabşyryklarynyň ýakyn ýedi ýyl üçin anyk çäreleriň toplumlaýyn hem-de sazlaşykly maksatnamasyny düzmekde ugur görkeziji bolup hyzmat edendigini nygtamalydyrys. Şonuň üçin oňa Prezident maksatnamasy hem diýilýär. 
    Ýeri gelende bellesek, Maksatnamanyň ýedi ýyllyk möhleti öz içine almagyny hem halkymyz haýra ýordy. Sebäbi ýedilik — türkmeniň ýedi hazynasy, ýedilik — oguz zamanasyndan bäri gelýän ýedi miras, türkmeniň ýedi baýlygy. Ýedilik halkymyzyň aýratyn sarpalaýan sanlaryndan. Şu jähetden, onuň ýerine ýetiriljekdigine bolan ynamymyz çäksiz. 
    Umuman, ýediýyllyk Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň herekete girizilmegini, telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýär.
    Ýurdumyz, halkymyz üçin şular ýaly ähmiýetli Maksatnama laýyklykda, ýakyn ýedi ýylda döwletimizde nähili özgertmeleriň durmuşa geçjekdigine gysgaça ser salalyň:
    Maksatnamada bellenen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2019-njy ýylda 6,3 göterime, 2025-nji ýylda bolsa 8,2 göterime ýetirilmegi göz öňünde tutuldy.
    2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň maýa goýumlaryna esasy serişdeler 229,3 milliard manat möçberinde meýilleşdirildi. Şonuň 91,3 göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler. Bu näme diýmek? Bu täze kärhanalaryň hem-de iş orunlarynyň döredilmegi diýmek, öndüriji döwletiň has-da kuwwatlanmagy diýmek. 2025-nji ýyla çenli ýurdumyzyň sebitlerinde 13 hassahana, 20 saglyk öýi, 163 mekdebe çenli çagalar edaralary, 201 umumy bilim berýän orta mekdep, 16 medeniýet öýi, 11 suw arassalaýjy desga, 13 lagym arassalaýyş desga, şeýle hem umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar diýmek.
    Bu işler durmuşa geçirilende, näçe balalaryň täze bilim ojaklarynda kämillige ýol saljakdygyny, näçe maşgalanyň jaýly boljakdygyny, näçe öý-ojagyň rysgal-döwletiniň artjakdygyny göz öňüne getirip bolar, belki. Ýöne olaryň begenjini, alkyşlaryny welin, ölçäp bolmasa gerek. Ine, rowaçlygyň düýp mazmuny! 
                                                                                ***
    «Watanyň sähra bolsa başarýanyň ýöremek, Watanyň dag bolsa başarýanyň dyrmaşmak. Watanyň deňiz bolsa — ba¬şar¬ýanyň ýüzmek bolar» diýlen söz bar. Biziň ata mekanymyzyň bolsa dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, deňiz ýerinde deňzi bar. Diýmek, biziň ähli zatdan başymyz çykmaly. Milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, öňe, diňe öňe — rowaçlyga gadam urup, ösüşiň has-da belent sepgitlerine ýetmeli. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly: «Biziň ählimize rowana ak ýollar garaşýar!».