Dabaraly konsert

    Medeni gatnaşyklar ýakyn we alysdaky halklary biri-birlerine ruhy taýdan barha ýakynlaşdyrýar. Şonuň üçin-de, dostlukly ýurtlaryň milli medeniýetiniň özara arabaglanyşygyny jebisleşdirmekde, agzybirligi, parahatçylygy pugtalandyrmakda aýdym-saz sungatyna uly orun degişlidir. 
    Biziň ýurdumyz goňşy we alysdaky döwletler bilen medeni hyzmatdaşlyga hemişe aýratyn üns berýär. Paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky medeniýet merkezleriň, teatrlaryň sahnalarynda daşary ýurtly sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramak hem indi asylly däbe öwrüldi. 
    Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Mariachi Champana Newin» toparynyň 26—27-nji martda Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde beren konsertleri hem şeýle ýatda galyjy medeni wakalaryň hataryna goşuldy. Balkanabatdaky Döwlet drama teatrynda we Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda berlen bu konsertlere aýdym-saz sungatynyň muşdaklary uly höwes bilen gatnaşdylar. Günorta-Günbatar halklarynyň aýdym-sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde giň meşhurlyga eýe bolan bu toparyň her bir çykyşy tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.