TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

    26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýerlerde oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
    Milli Liderimiz ilki bilen sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýetip gelýän şanly seneler mynasybetli guralmagy göz öňünde tutulýan köpçülikleýin çäreler barada habar berdi.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişini berk gözegçilikde saklamagy, daýhanlaryň zerur bolan ähli serişdeler bilen üpjün edilmegini hem-de işleriň bellenilen möhletlerde geçirilmegini talap etdi.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işlerine ünsi çekip, olary möwsüme häzirden gowy taýýarlamagy üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
    Şeýle hem milli Liderimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşygy barada görkezme berdi. Bu maksatnama welaýatyň senagat kuwwatyny artdyrmak hem-de onuň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça möhüm çäreleri kesgitleýär.
    Döwlet Baştutanymyz aprel aýynda Bütindünýä saglyk gününiň we Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaraly bellenip geçiljekdigini aýratyn belläp, köpçülikleýin dabaralary, sport we medeni çäreleri geçirmek babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
    Soňra sanly wideoaragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, ýakynda welaýatda başlanan gowaça ekişiniň barşy, bugdaýa ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny möwsüme taýýarlamak boýunça guramaçylyk çäreleri hem-de öňde boljak şanly seneler mynasybetli guraljak çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň oba hojalyk möwsüminiň möhüm çäresidigini nygtap, ekişi bellenen möhletde, ýokary hilli we guramaçylykly geçirmegi, gymmatly tehniki ekiniň gögerişi alnandan soň, oňa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri hem talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
    Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça alnyp barylýan işlere häkimiň ünsüni çekip, bu tehnikalary möwsüme häzirden gowy taýýarlamagyň aladasyny etmek barada degişli görkezmeleri berdi.
    Milli Liderimiz aprel aýynda bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň we Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ähmiýetini belläp, şolaryň dabaraly bellenip geçiljekdigine, şu mynasybetli welaýatda ýerleşýän atçylyk-sport toplumyny, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleriň geçiriljek ýerlerini degişli derejede taýýarlap, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak, aýratyn-da, täze möwsümiň öň ýanynda, bu ýere köp sanly adamlaryň dynç almaga gelýän wagty olara ýokary hilli hyzmatlaryň edilmegini ýola goýmak boýunça işleri hemişe gözegçilikde saklamak barada birnäçe görkezmeleri berdi.
    Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze şäherçeleri döretmek, döwrebap ýaşaýyş-durmuş gurşawyny hem-de ekologiýa taýdan arassa ugurly önümçilikleri döretmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
    Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň başlanmagyna görülýän giň gerimli taýýarlyk we meýdanlarda alnyp barylýan beýleki işler barada hasabat berdi.
    Demirgazyk welaýatda Bütindünýä saglyk gününi hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyny dabaraly ýagdaýda bellemäge görülýän taýýarlyk, bu seneler mynasybetli guraljak çäreler barada habar berildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda başlanýan gowaça ekişini, möwsümde oba hojalyk tehnikalarynyň, takyk iş tertibiniň esasynda mehanizatorlara bökdençsiz ýetirilmeli ýangyç-çalgy serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
    Galla orujy kombaýnlary möwsüme taýýarlamak welaýatyň tehniki hyzmat ediş merkezleriniň hünärmenleri üçin möhüm wezipe bolup durýar. Çünki bereketli hasyly almak köp babatda şol tehnikalaryň göwnejaý işlemegine bagly bolýar. Döwlet Baştutanymyz ýerlerde degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmek üçin häkime degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
    Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda aprel aýynda belleniljek baýramçylyklaryň gyzykly we baý mazmunly bolup, olaryň ruhubelent hem-de dabaraly ýagdaýda geçirilmegi, köpçülikleýin çäreleriň guralmagy barada degişli görkezmeleri berdi.
    Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, gowaça ekişine guramaçylykly girişilendigi, barha ýokary depgine eýe bolýan gowaça ekişiniň görkezijileri, ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek işleriniň guralyşy, geljek aýda boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagtaçylyk pudagynyň welaýatyň ykdysadyýetinde hem-de dokma senagatyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. «Ak altynyň» bereketli hasyly ekişiň hiline, gaýtadan işleýän kärhanalaryň netijeli işlemegine baglydyr, şonuň üçin möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda ähli tagallalary etmek gerek diýip, milli Liderimiz belledi.
    Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak barada tabşyryk berip, olary abatlamak bilen bagly meselelere häkimiň ünsüni çekdi.
    Bütindünýä saglyk gününiň hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçiriljek çäreler babatda hem anyk tabşyryklar berildi. Milli Liderimiz bu seneleriň tutuş ýurdumyzda giň gerim bilen belleniljekdigini, şunda Lebap welaýatynyň hem ähli türkmenistanlylary jebisleşdirýän baýramçylyk wakalaryna öz goşandyny goşmalydygyny aýtdy.
    Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda möhüm çäre bolan gowaça ekişini bellenen möhletde, ýokary hilli we guramaçylykly geçirmegi, doly bahaly gögeriş alnandan soň, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri hem talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
    Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme häzirden gowy taýýarlanmagyny berk gözegçilikde saklamak, şeýle hem Bütindünýä saglyk gününe we Türkmen bedewiniň milli baýramyna guramaçylykly taýýarlyk görmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.