MILLI DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň gerimi barha giňeýär. 
    Şu günler ýurdumyzda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandy.
    31-nji martda geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyklary işjeň ýagdaýda dowam edýär. Ýurdumyz boýunça bu babatda saýlaw okruglarynyň jemi 125-sinde — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 3-sinde, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 4-sinde, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 16-synda, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 102-sinde saýlawlar geçiriler. 
    Saýlawçylarymyzyň kanuna laýyk ses bermegi üçin Ahal welaýatynda 32 saýlaw okrugy, Balkan welaýatynda 10, Daşoguz welaýatynda 27, Lebap welaýatynda 33, Mary welaýatynda 21, Aşgabat şäherinde 2 saýlaw okrugy olaryň hyzmatynda bolar.
    Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilişi jemgyýetçiligiň synçy nazarynda bolar. Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan milli synçylaryň 357-si hasaba alyndy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 68, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 25, Agrar partiýasy 35, Kärdeşler arkalaşyklary 60, Zenanlar birleşigi 23, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 44, raýatlar toparlary 29 milli synçyny wezipelendirdi.
    Dalaşgärler tarapyndan 73 milli synçy bellenildi. Olaryň hemmesine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlar bilen baglanyşykly geçirilýän işlere, saýlawlaryň öň ýanynda hem-de gönüden-göni saýlawlar güni saýlaw uçastoklaryna baryp, syn etmek mümkinçiligi berilýär. Munuň özi saýlawlaryň mundan beýläk hem açyklyk, aýdyňlyk, demokratik esaslarda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegine oňyn täsirini ýetirer.
    Saýlaw uçastoklarynda ses bermegi geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň hersiniň býulletenleriniň reňki biri-birinden tapawutly bolar. Gizlin ses berilýän kabinalar, üç görnüşli saýlaw gutulary taýýarlanyldy. Häzirki wagtda ähli saýlaw uçastoklary degişli enjamlar, saýlawlar boýunça aýdyň düşündiriş berýän ündew suratlar bilen üpjün edildi hem-de saýlaw uçastoklarynda Saýlaw kodeksine laýyklykda ýazylan usulyýet we düşündiriş berýän edebiýatlaryň, kadalaşdyryjy resminamalaryň we beýleki zerur serişdeleriň bolmagy, jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyjylaryň zerur bolan maglumatlar bilen tanyşmagyna mümkinçilik döredýär. Şu güne çenli saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin jemi 222 sany saýlaw uçastogy döredildi. Munuň özi Ahal welaýatynda 50, Balkan welaýatynda 10, Daşoguz welaýatynda 49, Lebap welaýatynda 41, Mary welaýatynda 58, Aşgabat şäherinde 14 saýlaw uçastogy bar diýildigidir. 
    Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde tassyklanan, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işleri şu ýylyň 30-njy ýanwarynda başlap, 28-nji fewralda bolsa tamamlandy. Dalaşgärleri bellige almak 9-njy fewraldan 5-nji mart aralygynda geçirildi. Saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işlerine Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy, şeýle-de, raýatlaryň toparlary gatnaşdylar.
    Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 7, welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 11, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 36, geňeşleriň agzalygyna 227 dalaşgär, saýlawlaryň ählisi boýunça jemi 281 dalaşgär Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, bellenilen möhletlerde bellige alyndy. 
    Saýlawlar boýunça Demokratik partiýa tarapyndan 104, Senagatçylar we telekeçiler partiýa tarapyndan 15, Agrar partiýa tarapyndan 61, raýatlar toparlary tarapyndan 101 dalaşgär hödürlenildi. Bu bolsa 31-nji martda geçiriljek saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgäriň bäsleşjekdigini aňladýar. Munuň özi saýlawlaryň köppartiýalylyk şertlerinde geçiriljekdigini we ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanjakdygyny görkezýär.
    Bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri olaryň bellige alnan döwründen başlandy. Milli saýlaw kanunçylygyna we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, bellige alnan dalaşgärleriň hemmesine saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi. Häzirki günlerde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary işjeň ýagdaýda dowam edýär. Duşuşyklarda saýlawçylar dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň çykyşlary arkaly, olaryň terjimehallary bilen tanyşýarlar. Şeýle hem dalaşgärler çykyş edip, öz maksatnamalary bilen saýlawçylary giňden tanyşdyrýar. 
    Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk başarnygy, olaryň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Duşuşyklarda dalaşgärler saýlawçylaryň özlerine bildiren ynamyny ödemek, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş, ykdysady hem medeni taýdan ösdürmek barada öňde goýan aýdyň wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda gujur-gaýrat bilen zähmet çekjekdiklerine ynandyryp, saýlawçylary gyzyklandyrýan sowallara jogap berýärler.
    Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sanawy we terjimehallary baradaky maglumatlar «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetlerinde, we Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm), welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boýunça bellige alnan dalaşgärleriň sanawlary bolsa welaýat we «Aşgabat» gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi. Galyberse-de, şol dalaşgärleriň terjimehallary baradaky maglumatlaryň çap edilip, saýlaw uçastogynda ýa-da ilatyň köpçülikleýin barýan ýerlerinde goýulmagy, şeýle-de, meýilnama laýyklykda, saýlaw möwsüminiň dowamynda tapgyrlaýyn alnyp barlan işler barada, ýagny milli synçylary bellemek, dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak, olara şahsyýetnama gowşurmak hakynda, dalaşgärleriň degişli saýlaw okrugynyň çägindäki saýlawçylar bilen geçirýän ýygnaklary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirilip durulmagy, saýlawlaryň açyklyk-aýanlyk şertleriniň hem-de saýlawçylaryň habar kepillikleriniň doly derejede üpjün edilýändigini görkezýär.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda demokratiýanyň has-da kämilleşýändigini, türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň pugtalanýandygyny, türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň içki sazlaşygyny, kämilligini, işjeňligini görkezýän saýlawlar milli demokratiýanyň rowaçlanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler we köppartiýalylyk esasynda, giň bäsdeşlik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.
    Saýlawlar güni saýlawçylaryň bu il-ýurt bähbitli, geljegi nazarlaýan möhüm çärä agzybirlikde gatnaşyp, mynasyp dalaşgärlere seslerini berjekdiklerine berk ynanýarys. 
    Saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berýän, Türkmenistanyň merdana halkyny agzybirlikde, asudalykda, demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Arkadag Prezidentimize alkyş aýdýarys.