Nowruz baýramy daşary ýurtlarda

    Nowruz baýramy bu günki gün bütin dünýäni dost-doganlyga çagyrýar. Nowruzda birek-biregiňkä myhmançylyga gidilýär, sowgatlar gowşurylýar. Hut şonuň üçin hem bahar baýramy mynasybetli dumly-duşdan gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda halkara festiwallary, dabaralary guramak däbe öwrüldi. Şeýle festiwallar ýurdumyzda hem geçirilýär. Daşary ýurtlarda guralýan dabaralara ildeşlerimiz-de gatnaşýar. 

    ŞWEÝSARIÝADA
    Ýakynda Nowruz baýramçylygy mynasybetli dabara Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Intellektual eýeçiligiň halkara guramasynyň binasynda hem guraldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden düzülen ýörite topar gatnaşdy. Dabarada ildeşlerimiz Nowruz baýramçylygyny belleýän 12 döwletiň sungat ussatlary bilen bilelikde, dostluk konsertinde milli aýdymdyr sazlarymyzy ýerine ýetirdiler. 
    Ýurtlaryň milli mirasyna bagyşlanyp guralan sergi myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň sergi diwarlygy Türkmenistanyň ykdysady gazananlary hem-de baý medeni mirasy bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Serginiň dowamynda Halkara Nowruz baýramynyň ýurdumyzda bellenilişini şöhlelendirýän wideorolikler görkezildi.

    RUSSIÝADA
    24-nji martda ýurdumyzyň sungat işgärleri Pälwan Hamydow bilen Atajan Berdiýew Moskwada bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp geçirilen «Nowruz rowaýaty» atly gala-konsertde çykyş etdiler. Bu ýere — «Nowruz — 2019» atly III Halkara festiwala gatnaşmak üçin GDA we serhetdeş döwletlerden medeniýet we sungat ussatlary ýygnandylar. Ildeşlerimiz ol ýerde beýleki ýurtlardan gelen wekiller bilen bir sahnada halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. 
    Dabaralaryň çäklerinde palaw festiwaly, şeýle-de gatnaşyjy ýurtlaryň gymmatlyklarynyň, el işleriniň sergisi we milli egin-eşikleriň görkezilişi geçirildi. Myhmanlar üçin sport ýaryşlary, şol sanda guşakly göreş boýunça bäsleşikler hem guraldy. 

    EÝRANDA
    Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýene bir topary şu günler Eýran Yslam Respublikasynda myhmançylykda bolýarlar. Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän sungat festiwalyna gatnaşmak üçin ýurdumyzdan ýörite wekiliýet ugradylyp, olaryň hatarynda artistler, «Altyn asyr» tans topary, milli aýdym-saz sungatynyň ussatlary bar. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýerine ýetiren çykyşlary, aýratyn-da, «küştdepdi» tansy, milli egin-eşikleri, myhmanlara hödürlenen semeni tagamy festiwala gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
   
    TÜRKIÝEDE
    21-nji martda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet guramasy (ÝUNESKO) boýunça milli komissiýasynyň edara binasynda Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkiýäniň ÝUNESKO boýunça milli komissiýasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, maslahat hem-de «Nowruz» atly fotosurat sergisi geçirildi.
    Bu çärä Halkara Nowruz gününi belleýän döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň Türkiýedäki diplomatik wekilhanasynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda Halkara Nowruz baýramy bilen bagly köp sanly çykyşlar boldy.
    Çäräniň dowamynda Türkmenistanda Nowruz baýramynyň giňden bellenilip geçilişini beýan edýän wideoşekilleriň görkezilmegi we fotosuratlaryň sergisi oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

    PAKISTANDA
    24-nji martda Yslamabat şäherinde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanyp, festiwal hem-de sergi geçirildi. Bu çärä hormatly myhman hökmünde Pakistanyň Prezidenti jenap Arif Alwi hem gatnaşdy. Şeýle-de dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Tehmina Jenjua, Pakistanda akkreditirlenen daşary ýurtly ilçiler we diplomatlar, tanymal alymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. 
    Festiwal Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistanyň ilçihanalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Pakistandaky wekiliýetiniň guramagynda geçirildi. Dabaranyň dowamynda Nowruz baýramyny belleýän ýurtlaryň sergisi guraldy. Ýurdumyzyň sergi pawilýony myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Onda ýurdumyzyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapdy. Şolaryň hatarynda 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy baradaky maglumatlar hem bolup, oňa bagyşlanan ýörite wideorolik görkezildi. Dabara milli aýdymdyr sazlaryň ýerine ýetirilmeginde baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.

    GERMANIÝADA
    Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň bu ýerdäki akkreditirlenen wekilhanalarynyň bilelikde guramagynda Berlin şäherindäki «Bolle Festsäle» atly taryhy binada Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ýurtlaryň gazananlaryna bagyşlanan sergiler myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döredip, Türkmenistanyň sergi pawilýony 2019-njy ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Onda Türkmenistanyň milli gymmatlyklary bilen birlikde, ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda gazananlary, syýahatçylyk mümkinçilikleri görkezildi. 
                                                                                ***
    Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzda hem uly şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa gatnaşmak üçin daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlar geldi. Baýramçylyk günleri Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatyndan «Jeýlan» milli saz we folklor ansambly özleriniň milli aýdymdyr sazlary bilen ildeşlerimiziň göwünlerini göterdiler. 
    Myhmanlaryň ildeşlerimiz bilen ilkinji duşuşyklary 20-nji martda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde boldy. Soňra olar gadymy Merwiň taryhy ýadygärliklerine syýahat etmek bilen, bu ýerde bolanlarynda, Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Şeýle-de eýranly sungat ussatlary Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda bolup, milli aýdymdyr sazlaryny, folklor çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Myhmanlaryň şowhunly çykyşlaryny ildeşlerimiz gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar.