Jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk

    Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa we dünýä çempionatlarynyň öňüsyrasynda Baku şäherinde (Azerbaýjan) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Olar bu ýerde, esasan, oýun gurnamak we fiziki taýýarlyk boýunça türgenleşer.
    Azerbaýjandaky türgenleşiklerden soňra, zenanlar ýygyndymyz Litwa döwletine geçer. Bu ýerde hem birnäçe gün türgenleşjek basketbolçylar, halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda Fransiýada hem gysga wagtlyk türgenleşikde bolar.
        Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 3x3 basketbol boýunça Aziýa birinjiligine we dünýä kubogy ugrundaky halkara ýaryşa eýýäm üçünji gezek gatnaşýar. Halkara Basketbol federasiýasynyň (FIBA) mart aýyndaky sanawyna görä, biziň basketbolçy zenanlarymyz 169 ýygyndynyň arasynda 22-nji basgançagy eýeleýär.
    Zenanlar ýygyndysynyň iň esasy oýunçysy we kapitany Aýna Gökowa häzir Eýranyň çempionatynda Azady uniwersitetiniň toparynyň hatarynda çykyş edýär. Şu ýyl ol öz topary bilen Eýranyň Super ligasynda altyn medala mynasyp boldy. Aýna mundan ozal Gazagystanyň we Türkiýäniň klublarynda basketbol oýnapdy. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysyna Aleksandr Paşkow tälimçilik edýär.
    Basketbolyň bu görnüşi Halkara Olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji toparynyň karary bilen, Tokioda geçiriljek Olimpiada 2020-niň sport maksatnamasyna hem girizildi.
                                                                                * * *
    Aşgabadyň «Altyn täç» çagalar futbol topary 22 — 29-njy mart aralygynda Türkiýäniň Alanýa şäherinde geçirilýän «Turkish Holidays 2019» halkara futbol ýaryşyna gatnaşýar. Bu halkara ýaryşda ýaşajyk türkmen futbolçylary öz deň-duşlary (8 — 17 ýaş aralygyndaky çagalar) bilen güýç synanyşar. Çagalar toparyny «Ahal», «Hazyna», «Aşgabat» ýaly Ýokary liganyň toparlarynda tejribe toplan tälimçi Ahmet Agamyradow türgenleşdirýär.
                                                                                * * *
    Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Türkiýede 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolýan Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-19) ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hem birnäçesini geçirýär.
    Aziz Kambarowyň tälim berýän futbolçylary 22-nji martda Maltanyň, 24-nji martda Kosowanyň ýaşlar ýygyndylary bilen duşuşdy. Öňümizdäki günlerde Russiýanyň «Wolga» we «Lokomotiw» futbol klublarynyň ýaşlar ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklary geçiriler.