Siziň bilen rowaç alýan ýollar ýagtydyr, Arkadag!

    «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden ugur alnyp, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha gowulandyrylýar».
    Bu sözler hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň dahanyndan çykan ganatly sözler! Bu sözler, öz halkynyň abadan ýaşaýşynyň, parahat, bolelin durmuşynyň aladasyny ähli zatdan ileri tutýan milli Lideriň sözleri! Mähriban Arkadagymyzyň bu sözlerinden ugur alnyp, durmuşymyzda amala aşyrylýan işleriň ählijesi-de, adam baradaky aladanyň nyşany hökmünde halkymyzyň bagtyýar şu gününiň, beýik geljeginiň hatyrasyna  gönükdirilendir. Biz muny ýurdumyzyň dürli pudaklarynda günsaýyn amal edilýän beýik özgertmelerden hem aýdyň görýäris. Watanymyzyň  ösüşleri, ilimiziň bagtyýarlygy barada buýsançly oýlara berlen pursadyňda bolsa, «Rowaçlyk» sözüniň manysyna has-da çuňňur göz ýetirýärsiň. Şonda hormatly Prezidentimiziň näme sebäpden üstümizdäki ýyla «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýip dabaraly at berendigi-de, öz-özünden düşnükli hem aýan bolýar. Ol aýdyň aýanlyk, agzybirligiň, abadanlygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanyň milli Liderimiziň başda durmagynda ýeten belent sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň bir günde aýdyp, bir makalada beýan edip tamamlap bolmajak ajaýyp taryhyny aňyňda janlandyrýar. Taryha girmek, taryha mynasyp wakalaryň ykbaly. Ol wakalar, özüniň  bimöçber ähmiýeti bilen ýurduň, halkyň durmuşyny gülledýär. Diýmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her güni taryh. Çünki şu güni düýnünden zyýat, geljegi ondan-da gözel halkymyz hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde diňe şanly wakalaryň, hoş habarlaryň şaýady. Munuň şeýledigine, geçen hepdäniň taryhy wakalaryna ýüzleneniňde hem örän aýdyň  göz ýetirip bolýar.
    23-nji fewral. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýurdumyzyň IIM-niň şahsy düzümine niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulanmaga berlen jaýlarda döredilen şertler we gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşýan pursatlary. Bu pursatlar, biziň makalamyzyň başynda buýsanç bilen beýan eden jümlämiziň, hormatly Prezidentimiziň  ýurdumyzyň merdana watan goragçylary üçin edilýän alada barada aýdan ganatly sözleriniň köňül Asmanymyzda pelpelleýän pursady.    
    IIM-niň harby gullukçylary we olaryň maşgalalary üçin gurulýan kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynda döredilen şertleri synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary baradaky aladalarynyň öz içine juda köp zatlary alýandygyna göz ýetirýärsiň. Çünki  döwlet Baştutanymyz täze gurulýan jaýlar bilen tanyşlygynyň barşynda, gurulýan jaýlarda göz öňüne tutulmaly ähli amatlyklar bilen bir hatarda, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna laýyklykda toý çärelerini we beýleki dabaralary geçirmek üçin hem zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Her bir çykyşynda diýen ýaly, milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy, olary geljek nesillerimize mynasyp geçirmegi ündeýän eziz Arkadagymyz, bu gezek hem geçmişimize sarpa goýmak bilen birlikde, geljegimiziň eýesi bolan ýaş nesilleriň milli ruhumyzdan gözbaş alyp gaýdýan terbiýesini-de ünsden düşürmeýändigini ýene bir ýola tassyklady.    
    Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek has-da maksadalaýykdyr, ýagny hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuşynda türkmen milliligi bilen deň derejede häzirki zamanyň iň soňky gazananlarynyň hem aýakdaş gitmegini gazanmak maksady bilen, bu ýaşaýyş jaýlarynyň içki bezeglerine, reňk aýratynlyklaryna, esasan hem, täze jaýlarda internet ulgamynyň, telefon aragatnaşygynyň we kabelli teleýaýlymlaryň çekilmelidigine ünsi çekdi. Ine, häzirki wagtda ýurdumyzyň asudalygyny goramagy öz ykbaly diýip saýlan watan goragçylaryna şeýle ajaýyp amatlyklary bolan kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy ulanmaga berlip, 50-siniň bolsa gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu künjekde ýene-de şeýle jaýlaryň 36-synyň gurluşygyna badalga berildi. Beýle diýmek, ýene-de ençeme watan goragçylarynyň bir nesibeli gün dabara bilen jaý toýlaryny toýlajakdyklarynyň buşlukçysy diýmekdir.
    Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri we olaryň maşgala agzalary barada edilýän aladadan söz açylsa, ýadyňa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde bellenip geçilen Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolup, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesinde gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan öý almak bagty miýesser eden watan goragçylarynyň bagtyýar pursatlary göz öňüňde janlanýar. Şol dabaraly gün watan goragçylarynyň 500-den gowrak maşgalasyna bu täze jaýlardan öý almak bagty nesip  etdi. 
    Olimpiýa şäherçesiniň ýaşaýyş jaýlary bilen bilelikde  umumy bir sazlaşygy emele getirip oturan bu sport toplumynyň özi, ýurdumyzy sportuň mekanydygynyň ajaýyp subutnamasyna öwürýär. Sportuň dürli ugurlaryndan kämil baş çykaryp, hemmämize nusga bolýan, «Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr» diýen joşgunly sözleriniň esasynda ýurdumyzda sporta bolan söýgini barha dabaralandyrýan döwlet Baştutanymyz, şol gün, ýagny 23-nji fewralda IIM-niň Sport ulag merkezine geldi we täze sport ulagynda ýaryş meýdançasyna badalga berdi hem-de ony ezber türgenlere mahsus başarnyk bilen synagdan geçirdi. Synagdan öňürti ýoluň gyzgynlyk derejesini ölçäp, onuň awtomobil sportunyň düzgün-kadalaryna laýyk gelýändigini barlan hormatly Arkadagymyz, bu hereketiniň üsti bilen bize her bir işde bolşy ýaly, sportda hem eserdeňligi, howpsuzlygy gözden salmaly däldigini görkezdi. Bu ýerde ýurt Baştutanymyz Ýaponiýanyň «Nissan» kompaniýasynyň ýokary tizlikli sport ulagynda ussatlyk bilen birnäçe çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdi. Ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän bu ýoluň uzynlygy 300 metre, ini bolsa 145 metre deňdir. Merkeziň umumy meýdany bolsa 4,35 gektara barabardyr. Şu san görkezijileriniň özi hem, bu ýerde sportuň ýörgünli görnüşleriniň biri bolan awtomobil sporty bilen meşgullanmaga giň şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Biz şu ýerde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda awtomobil sportuna uly üns berilýändigini hem bellemelidiris. Munuň aýdyň mysaly hökmünde bolsa, 2018-nji ýylyň iň bir ýatda galyjy taryhy wakalarynyň biri bolan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini we bu ýaryşyň dowamynda türkmen türgenleriniň görkezen ýokary ussatlygyny buýsanç bilen ýatlamak bolar.
    Sport bilen meşgullanmagy özüniň durmuş ýörelgesine öwren mähriban Arkadagymyz 24-nji fewralda paýtagtymyzdaky Golf klubunyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilýän işler bilen hem tanyşdy. 
    Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň ýaş nesliň sazlaşykly hem-de sagdyn kemala gelmeginde möhüm orna eýedigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini nygtady. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmegiň halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berýän ýörelgeleriniň biridigini aýdan Gahryman Arkadagymyz, gadym döwürlerde türkmenleriň arasynda golfa meňzeş çilik oýnunyň oýnalandygyny,  golf oýnunyň bolsa şol gadymy türkmen oýny bolan çilik bilen ugurdaşdygyny belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz bu oýnuň bedeni taplamak bilen birlikde, ýürek-damar, süýji kesel, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň öňüni almaga-da ýardam edýändigini hem nygtap geçdi. 
    Görşümiz ýaly, haýsy işiň başyna baryp, haýsy mowzukdan söz açsa-da, milli Liderimiziň baş aladasy: halkymyzyň saglygy, onuň bagtyýar şu güni we nurana geljegi. Öz iline bolan söýgini ähli zatdan belentde goýýan hormatly Arkadagymyzyň her gadamy düşümli, her bir tutan işi rowaçdyr. «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýýän türkmen halky bu gün öz il-gününiň aladasy bilen ýaşaýan, «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, halkynyň uludan-kiçisiniň göwnüne ganat dakan eziz Arkadagyna buýsanýar. Goý, bu söýgi, bu buýsanç baky bolsun! Öz halkynyň ýüreginde mähir hem söýgi bilen orun alyp, dünýäniň ýüregine tarap ýol açýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, beýik işleri dowamat-dowam bolsun! 
    Ýurt Baştutanymyzyň saýasynda durmuşa geçirilýän ajaýyp wakalara şaýat bolup, onuň waspyny ýetirip durmak hemmämize nesip etsin!