«Rubiniň» tälimçisi Aşgabatda boldy

    Abraýly guramalaryň reýtinglerinde dünýäniň iň ussat 50 tälimçisiniň hatarynda goýlan Gurban Berdiýew nirä barsa hem tanalýar. Ýöne onuň bu ýerde öz töweregindäki janköýerleriň hem aglabasyny tanaýandygyny görüp geň galýarsyň. Bu bolsa onuň türkmen topragynda, has dogrusy, Aşgabatdadygy bilen baglydy...
    Russiýanyň «Rubininiň» tälimçisi Gurban Berdiýew bu ýere 18-nji martda gelipdi. Üç günlük sapar bilen gelen türkmen tälimçisi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň çakylygyny kabul etdi. Biz tälimçiden iş saparyndan galan täsirler barada soranymyzda, ol şeýle belledi: «Men tejribe alyşmak maksady bilen dowam edýän sapardadygyma örän begenýärin. Bu ýere gelmegimiň esasy sebäpleriniň biri hem Türkmenistanyň meniň Watanymdygy bilen baglydyr. Özüňiziň hem görşüňiz ýaly, hal-ahwal sorap, ýanyma gelýänleriň köpüsi köne dostlarym, ýakyn tanyşlarymdyr. Çagalygymyň geçen ýeri, ilkinji futbol toparym, bilim ojagym hem şu ýurtdadyr. Garaşyşym ýaly, meni uly myhmansöýerlik bilen garşy aldylar».
    Tälimçi Aşgabada üç günlük saparynda türkmen futbol hünärmenleriniň ençemesi bilen pikir alyşdy. Futbol boýunça milli çempionatymyzyň, çagalardan, ýetginjeklerden düzülen toparlarymyzyň türgenleşiklerine gatnaşdy. Öz maslahatlaryny berdi.
    Aslynda, G.Berdiýewiň türkmen futboly, milli ýygyndymyz bilen ýakyndan gyzyklanýandygy ildeşlerimize mälimdir. Ol Russiýanyň «Rubin» futbol toparynyň baş tälimçisikä, türkmen futbolçylarynyň birnäçesini öz toparyna çagyrdy. Kazanyň toparynda oýnan Wladimir Baýramow, Pawel Harçik, Wahyt Orazsähedow ýaly ildeşlerimizi rus janköýerlerine tanatdy. Bu hem ady «Rubiniň» üstünlikleri bilen gönüden-göni bagly Gurban Berdiýewiň toparynyň oýunlaryna gatnaşýan türkmen janköýerleriniň has-da artmagynyň sebäpleriniň biri bolsa gerek.
    Sportda janköýerlere özüňi aldyrmak üçin, elbetde, uly üstünlikler, tutanýerli zähmet gerek. Rus teswirleýjisiniň gaýry dilde «türkmenistanly Gurban Bekiýewiç» barada aýdýan buýsançly jümlelerini eşitmedik türkmen futbol janköýeri ýok bolsa gerek. Tälimçi Russiýanyň Premýer ligasyndan hem uzakdaky, bilniksiz topary sensasiýa ýagdaýyndaky ösüşe ýetirdi welin, «Rubin» şol döwürler dünýäde taýsyz hasaplanýan «Barselonany» hem myhmançylykda ýeňmegi başardy.
    Gurban Berdiýew dünýä futbolunyň alhimigi hasaplamak bolar. Ol hiç bir tälimçiniň, hiç bir janköýeriň gowy oýny tama etmeýän futbolçysynyň hem zehinini açyp görkezýär. Oýunçynyň transfer bazaryndaky gymmatyny 10 esse töweregi ýokarlandyrýar. Tälimçi saparyň ikinji gününde Küşt-şaşka mekdebinde bolupdy. Şonda ondan türkmen asylly eýranly futbolçy Serdar Azmunyň «Rubine» kabul edilişi barada soradylar. Tälimçi: «Ol şol wagt 13 ýaşyndady we Russiýa çagalaryň arasyndaky geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşmak üçin gelipdi. Meniň aýgytly karara gelmegim üçin onuň oýnuna 15 minut seretmek ýeterlik boldy. Aradan kän ýyl geçmän, Serdar toparymyza geldi» diýip, jogap berdi.
    Mahlasy, Aşgabada sapar bilen gelen ussat tälimçi paýtagtymyzdaky sport toplumlarynda okuw-maslahatlaryna, türgenleşiklere gatnaşdy. Şonda ol diňe türkmen futbolynyň ýeten belent derejesine göz ýetirmän, eýsem, paýtagtymyzdaky sport desgalaryna hem ýokary baha berdi. Muňa onuň sözleri hem güwä geçýär: «Aşgabat — ak binalara bürenen şäher. Şeýle binalaryň içinde sport desgalarynyň hem ençemesi bar. Özi hem bu desgalar dünýä ölçeglerine doly gabat gelýär. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmekleri üçin ähli şertler döredilen». Şeýle şertleri döredip beren hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.