DOST-DOGANLYGYŇ HALKARA TOÝY

    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Milli bahar baýramynyň dabaralary aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde toý gazanlary atarylyp, giňden baýram edildi. Halkara Nowruz gününiň dabaralary diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň guramagynda dostlukly döwletlerde hem geçirildi.
    FRANSIÝADA
    Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ilçihanalary bilen bilelikde, medeni çäreleri gurady. Medeni çäreler ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynyň zalynda bu guramanyň Baş direktory Odri Azuleniň howandarlygynda geçirildi. Çäräniň çäklerinde dostluk konserti hem-de sergi guraldy. Şeýle-de, oňa gatnaşyjylara milli tagamlar hödürlenildi.
    Ýurdumyzyň bu ýerdäki sergi diwarlygynda gelin-gyzlarymyzyň el işleri, haly önümleri, milli lybaslar, zergärçilik önümleri, hormatly Prezidentimiziň kitaplary ýerleşdirildi.

    HYTAÝDA
    18-nji martda Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde birinji Hazar ykdysady forumy, Türkmenistanyň GDA we AHHG-a başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy bilen tanyşdyryş çäresini, şeýle hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirdi. Oňa professor-mugallymlar düzümi, hytaýly we türkmen talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
    Dabarada Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyş edip, ýygnananlary Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady we ýurdumyzda baýramçylyk däpleriniň ýerine ýetirilişi barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň BMG-niň belent münberinden beýan eden we sebit hem-de ählumumy ähmiýetli wajyp meseleleri çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary barada-da jikme-jik gürrüň berdi.
    Soňra 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy bilen tanyşdyryş çäresi guraldy. 
    Duşuşykda Hytaý nebit uniwersitetiniň rektory, professor Çžan Laýbin çykyş edip, türkmen-hytaý özara hereketiniň, hususan-da, ylym-bilim ulgamyndaky özara hereketiniň ösüşine ýokary baha berdi.
    Duşuşygyň tematikasy bilen baglanyşyklylykda, birinji Hazar ykdysady forumyna, Halkara Nowruz baýramyna, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Dabaranyň aýdym-sazly böleginde joşgunly küştdepdi ýerine ýetirildi.

    GERMANIÝADA
    21-nji martda ilkinji gezek Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň hökümeti bilen Türkmenistanyň bu şäherdäki konsullyk edarasynyň bilelikde guramaklarynda Halkara Nowruz güni bellenilip geçildi. Oňa şäheriň ýaşaýjylary, daşary ýurtlaryň konsullyk edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara banklaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada Halkara Nowruz baýramynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de, dürli ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda bu baýramyň bellenilişini şöhlelendirýän wideorolikler görkezildi. Milli aýdym-sazlaryň we tanslaryň ýerine ýetirilmegi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

    KOREÝADA
    Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri hem uly şatlyk-şowhuna beslendi. Dabaranyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň galereýasynda «Merkezi Aziýanyň bahary — Nowruz» sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýolbaşçysy, Koreýa Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we taryh ulgamynda iş alyp barýan mugallymlar, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we beýlekiler gatnaşdylar. 28-nji aprele çenli dowam etjek bu dabaralaryň çäklerinde Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň hepdeliginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem 27 — 28-nji aprelde Seul şäheriniň merkezinde ýerleşýän Çongeçon seýilgähinde Merkezi Aziýa döwletleriniň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dostluk konserti geçiriler.

    RUMYNIÝADA
    Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda hem geçirildi. Baýramçylyk çäresine Türkiýäniň, Germaniýanyň, Müsüriň, Pakistanyň, Iordaniýanyň, Yragyň, Tunisiň bu ýurtdaky ilçileri, halkara guramalaryň wekilleri, medeni işewürler, Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary hem-de Buharestiň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.
    Dabaranyň çäklerinde türkmen bagşy-sazandalary milli aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Ýurtlaryň milli mirasyna bagyşlanyp guralan sergi gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Türkmenistanyň ilçihanasynyň sergi diwarlygynda myhmanlar ýurdumyzyň ykdysady gazananlary hem-de baý medeni mirasymyz bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Serginiň dowamynda Halkara Nowruz baýramynyň ýurdumyzda bellenilişini şöhlelendirýän wideorolikler görkezildi. Şeýle hem sergä gatnaşyjylara ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumy bilen baglanyşykly wideorolik görkezildi.

    GRUZIÝADA
    Gruziýa döwletinde geçirilen baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň Gruziýanyň Daşary işler ministrligi hem-de Korporatiw sport federasiýasy bilen bilelikde guran diplomatik ylgaw ýaryşy bilen utgaşdy.
    Diplomatik ylgaw ýaryşyna Gruziýanyň daşary işler ministri, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Korporatiw sport federasiýasynyň wekilleri, şeýle-de, gruzin tälimçileridir türgenleri gatnaşdylar. Diplomatik ylgaw ýaryşyny ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri giňden beýan etdiler. 
    Diplomatik ylgaw ýaryşynyň başynda şu ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilendigi hakynda bellenilip, îňa gatnaşyjylara Türkmenistanda her ýylda geçirilýän bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri barada gürrüň berildi.
    Diplomatik ylgaw ýaryşyna gatnaşyjylara we ýeňijilere hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uly ýaşlylaryň arasynda üç gezek sportuň häzirki zaman triatlon görnüşinde dünýä ýeňijisi bolan Genri Kupraşwilä Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan aýratyn sowgat gowşuryldy.