Lebap welaýaty: her biri 24 maşgala niýetlenen 4 gatly jaýlaryň ikisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

    20-nji martda Türkmenabat şäherinde Bitarap Türkmenistan we Aşgabat köçeleriniň çatrygynda ýerleşen, her biri 24 maşgala niýetlenen 4 gatly jaýlaryň ikisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
    Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Saldamly goşant» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary täze binalaryň gurluşygynda iň oňat tehnologik gurnamalary hem-de iň döwrebap bezeg serişdelerini peýdalandylar. Belent üçekli, giň geçelgesi we aşhanasy bolan iki, üç we dört otagly öýler mebeller we öňdebaryjy durmuş tehnikalary bilen enjamlaşdyryldy.
    Öýleriň ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyklar döredildi, çagalar we sport meýdançalary gurnaldy. Öý eýelerine açarlaryň gowşurylyşy dabaraly baýramçylyk ýagdaýynda geçdi.
    Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň esasynda döwletimiziň adam baradaky aladasy bilen özgertmeleriň amala aşyrylýandygy üçin, Watanymyzyň rowaçlygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle ajaýyp üstünlikler Amyderýa jülgesiniň mysalynda aýdyň görünýär. Bu ýerde welaýatyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda ýakyn wagtda jemi 3500 maşgala niýetlenen döwrebap şäherçeleriň gurluşygyna badalga berler. Olarda durmuş ähmiýetli desgalaryň uly toplumy jemlener.