MÖHLETINDEN ÖŇ SES BERMEK — DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ AMALA AŞYRYLMAGY

    21-nji martda Türkmenistanda Saýlaw kodeksine laýyklykda, käbir saýlaw okruglary boýunça milli parlamentiň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermeklik başlandy.
    Saýlaw kodeksine laýyklykda, bu işler, ilkinji nobatda, uzak wagtlyk gulluk iş saparyna gidýänler ýa-da zähmet dynç alşyna çykýanlar üçin, şeýle hem saýlawlar güni — 31-nji martda ol ýa-da beýleki sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, has mynasyp dalaşgäre ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.
    Saýlaw möwsüminiň barşy barada, umuman aýdylanda, ähli saýlaw uçastok toparlarynyň alyp barýan işleriniň işjeň häsiýete eýedigini bellemek gerek. Şol toparlaryň düzümine zähmet toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň iň mynasyp agzalary girdi.
    Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparda TDH-a habar berlişi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylygyň hem-de umumy kabul edilen halkara kadalaryň talaplaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary işe doly taýýar.
    Saýlawlara gözegçiligi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenen milli synçylar amala aşyrýarlar. Saýlawlaryň öň ýanynda bolşy ýaly, ses berilýän günde hem olara ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk ýagdaýynda, giň demokratiýa esasynda geçirilmegine oňyn täsir eder.
    Dalaşgärler bilen duşuşyklaryň geçirilmegi hem dowam edýär. Duşuşyklaryň barşynda saýlawçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän dalaşgärleriň saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşýarlar.
    Şeýlelikde, şu gün badalga alan möhletinden öň ses bermek tapgyry ýerlerde ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň durmuşynyň abadançylygynyň we rowaçlygyň maksatlaryna yzygiderli ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüljek bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň geçirilmegine taýýarlygyny tassyklaýar.