TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

    19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
    Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we ösdürmek hem-de eziz Diýarymyzda şanly seneleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
    Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew hasabat bilen çykyş etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaz-meýdan işlerine, aýratyn-da, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
    Şeýle hem häkim köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna, şeýle hem Milli bahar baýramyna görülýän taýýarlyk işleri we baýramçylyk çäreleriniň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri degişli düzümler bilen bilelikde alnyp barylýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede we ýokary hilli geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu işleriň öz möhletinde hem-de guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm hasaplanýan ýaz ekişiniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.
    Döwlet Baştutanymyz 21-nji martda geçiriljek ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu ugurda zerur taýýarlyk işleriniň görülmelidigine, welaýatda bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolanlaryna zerur ideg işleriniň alnyp barylmalydygyny we bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.
    Milli Liderimiz Nowruz ýaýlasynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramy mynasybetli döwlet derejesinde guraljak medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän dessurlarynyň, ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesiniň we nusgalyk häsiýete eýe bolan oňyn ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
    Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri hem-de bu ugra dahylly düzümleriň bilelikde durmuşa geçirýän çäreleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hasabatyň çäklerinde öňde boljak şanly seneleri guramaçylykly geçirmek, şol sanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
    Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenbaşy şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän hassahanalaryň taslamasyny görkezdi.
    Hormatly Prezidentimiz welaýatda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, sebitiň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň geljekki bol hasylyň girewidigini belläp, bu babatda meýilleşdirilen çäreleriň öz möhletinde guralmagynyň wajypdygyny aýtdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz baýramynyň, şeýle hem ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belläp, bag nahallarynyň welaýatyň her bir etrabynyň toprak-howa şertlerine laýyk derejede seçilip alynmalydygyny, şeýle hem ekilen baglaryň ideg işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi.
    Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Türkmenbaşy şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän 400 orunlyk köpugurly hassahananyň hem-de 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň taslamasyny makullady we durmuş maksatly täze binalar toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekdi. Resminama elektron dolanyşyk ulgamy arkaly häkime ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz täze desganyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we öz wagtynda gurlup gutarylmagy, döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi.
    Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleriniň derejesi barada hasabat berdi.
    Mundan başga-da, häkim Halkara Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli düzümleriň alyp barýan sazlaşykly işleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
    Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde ýola goýulmalydygyna ünsi çekip, munuň üçin bu ugra dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şunlukda, ýaz-meýdan işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda geçirilmelidir.
    Milli Liderimiz köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ähmiýetini belläp, sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagynda möhüm orun eýeleýän bu çäräniň ýokary guramaçylykly geçirilmelidigine ünsi çekdi.
    Halkara Nowruz baýramy mynasybetli çäreleri guramak boýunça aýratyn tabşyryklar berildi, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu dabaralarda ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwerlik we ruhy ýörelgeleri hem-de däp-dessurlar açylyp görkezilmelidir.
    Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler, şol sanda güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi.
    Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde ählihalk ýowarynyň geçiriljek ýeriniň taýýarlyk derejesi, ekiljek baglaryň görnüşleri barada habar berdi. Ekiljek bag nahallary saýaly, pürli we miweli baglardan ybarat bolup, olar her etrabyň toprak-howa ýagdaýyna görä seçilip alyndy. Munuň özi welaýatyň çäklerinde döredilýän tokaý zolaklarynyň çäklerini giňeltmekde aýratyn ähmiýetlidir.
    Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsümleriň biri bolan ýaz ekişine guramaçylykly girişmek we ony bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri ünsden düşürilmeli däldir. Munuň özi ekerançylykda ýokary netijeleri gazanmagyň özenidir.
    Hormatly Prezidentimiz öňde boljak şanly seneleriň guramaçylyk derejesi barada aýdyp, köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi mynasybetli geçirilýän ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleriniň ähmiýetini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ýokary ekologiýa derejesiniň üpjün edilmeginde ähmiýetli çäre bolup, oňa ilat köpçüliginiň gatnaşmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
    Döwlet Baştutanymyz Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününiň hormatyna guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, oňa welaýatyň ähli edara-kärhanalarynyň gowy taýýarlyk görmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şunlukda, baýramçylygyň medeni maksatnamasy degişli derejede taýýarlanylmalydyr.
    Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýaz-meýdan çärelerine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işleriniň derejesi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini artdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada habar berildi. Hasabatyň çäklerinde öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri, köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny we Milli bahar baýramyny guramaçylykly geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada habar berildi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýokary agrotehniki kadalara laýyk derejede guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Şunlukda, ýaz ekişine guramaçylykly girişmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, ak ekinlere edilýän ideg işine möhüm ähmiýet berilmelidir.
    Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda Milli bahar baýramy we köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowary mynasybetli geçiriljek işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleri ikisiniň hem örän ähmiýetlidigini belläp, olary guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewi çagyrdy. Ministr häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň derejesi barada hasabat berdi.
    Gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, ekiş geçiriljek ýerleriň taýýarlyk derejesi agrotehniki kadalara doly laýyk gelýär. Şeýle hem kärendeçileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjünçiligi, suwaryş suwlarynyň ýeterlik derejesi yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Şeýlelikde, ýaz-meýdan işleriniň degişli kada laýyk ýagdaýda alnyp barylmagy üçin ähli zerur şertler döredildi.
    Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde köpçülikleýin bag ekişiniň geçiriljek ýerleriniň, ekiljek bag nahallarynyň görnüşleriniň kesgitlenendigi barada habar berildi. Şunlukda, tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowar gününde saýaly, pürli we miweli agaç nahallary bilen bir hatarda, üzümleriň birnäçe görnüşleri, Garagum derýasynyň ýakasynda bolsa tut nahallary ekiler. Ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegine gönükdirilen ýörite iş meýilnamasy taýýarlanyldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba zähmetkeşleriniň durmuşynda möhüm hasaplanylýan ýaz ekişine guramaçylykly girişmek, ak ekinlere edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk bolmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.
    Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, pudaga täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu işleriň ylmy esasda alnyp barylmagyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy ministrden berk talap etdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň gerimli tokaý zolaklarynyň döredilmegine gönükdirilen ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, şonda ekiljek baglaryň ylmy taýdan seçilip alynmalydygyny belledi we bu babatda ministre birnäçe görkezmeleri berdi.
    Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatyndaky Nowruz ýaýlasynda Milli bahar baýramynda guraljak çärelerde halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmagy ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.
    Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek, öňde boljak şanly senelere, şol sanda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
    Şeýle hem hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça taýýarlanylan maksatnamany ýerine ýetirmek, hususan-da, täze binalary gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada hasabat berildi. Mundan başga-da, häkim paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäher ýollaryny abadanlaşdyrmak, bar bolan desgalary talabalaýyk derejede saklamak bilen baglanyşykly wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilen işler barada habar berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň köpugurly we toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekip, bu işlerde paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şäherde arassaçylyk, abadançylyk işlerini yzygiderli alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunlukda, bina edilýän desgalar özüniň ähmiýeti we bezeg aýratynlyklary babatda nusgalyk derejede bolmalydyr.
    Ak mermerli paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy, şäherde sürüjiler we ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Şäherde ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek meseleleri hemişe üns merkezinde saklanmalydyr. Munuň üçin bolsa degişli düzümleriň işiniň utgaşdyrylmagy zerur bolup durýar.
    Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik, şäheri ösdürmek boýunça taslamalary işjeňleşdirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar toplumynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi öz beýanyny tapmalydyr.
    Milli Liderimiz şeýle hem Milli bahar baýramynyň hormatyna paýtagtymyzda guralýan dabaralaryň guramaçylyk meselelerine, ählihalk ýowary mynasybetli çärelere ünsi çekip, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.