Ýaş diplomatlar üçin tejribe sapagy geçirildi

    Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
    Merkeziň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasynyň bu düzüm böleginiň taryhy, häzirki alyp barýan işleri hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.
    Tejribäniň görkezişi ýaly, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi BMG-niň parahatçylyk döredijilik işlerinde netijeli düzümleriň biridir. Şeýle merkeziň ştab-kwartirasynyň Aşgabatda açylmagy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, ählumumy wehimlere hem-de howplara garşy göreşmekde, serhetýaka suw meselelerini diplomatik serişdeler arkaly çözmekde öňe sürýän daşary syýasat başlangyçlaryna dünýä bileleşigi aýratyn gyzyklanma bildirýär.
    Okuw sapagynyň barşynda Natalýa German Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygynda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine möhüm ornuň degişlidigini belläp, ýola goýlan gatnaşyklaryň täze, netijeli gurallaryň işlenip taýýarlanmagynda ýaş diplomatlara uly ynam bildirilýändigini aýtdy.
    Institutyň talyplary myhmana merkez bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynda toplanan tejribe, ileri tutulýan ugurlar hem-de geljekki mümkinçilikler dogrusynda özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Diplomat talyplaryň sowallaryna jogap bermek bilen, merkeziň işine yzygiderli goldaw berýändigi, sebitde we dünýäde parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmekde nusgalyk tagallalary durmuşa geçirýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyk bildirdi.
    Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde şeýle okuw sapaklaryny guramak indi asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyza gelýän myhmanlaryň — görnükli ilçileriň, syýasatşynaslaryň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ýaş diplomatlaryň öňünde çykyş etmegi nazary we amaly taýdan uly ähmiýete eýedir.