Iň göreldeli şepagat uýasy

    Ýakynda paýtagtymyzdaky 11-nji Saglyk öýünde Milli bahar baýramçylygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň we Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda «Iň göreldeli şepagat uýasy» atly bäsleşik geçirildi. Oňa Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň düzümine girýän edaralaryň şepagat uýalarynyň 6-sy gatnaşdy.
    Bäsleşikde şepagat uýalary hünär we döredijilik başarnyklaryny açyp görkezmek üçin dört şert boýunça özara bäsleşdiler. Ilkinji şertde olar salamlaşmagy, raýatlaryň saglygyny goramakda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrmagy çeper sözlerdir goşgy setirleri bilen ýerine ýetirdiler. Ikinji şert bäsleşige gatnaşyjylaryň döredijilik başarnyklaryny açyp görkezmäge ýardam etdi. Onuň dowamynda şepagat uýalary saglyk kömegini bermek, näsaglara hyzmat etmek, olar bilen mylaýym gürleşmek ukybyny açyp görkezmek bilen, lukmançylyk ugruna degişli bolan bir iş pursadyny sahnalaşdyrmakda bäsleşdiler. Nobatdaky üçünji şertde bäsdeşler hüwdi aýtdylar we çaga üçin ene süýdüniň ähmiýeti, peýdasy barada gürrüň berdiler. Dördünji şert boýunça eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň hünär derejelerine, ukyp-başarnyklaryna baha berdiler. Bäsleşigiň jemleýji şertinde oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabyndan sowallara jogap berdiler. Dermanlyk ösümlikleriň gurluşy, bitýän ýerleri, ýaýraýşy, himiki düzümi, lukmançylyk tejribesinde peýdalanylyşy hem-de ekologik ähmiýeti dogrusynda gürrüň berdiler, şeýle-de dermanlyk ösümliklerden gül çemenini taýýarladylar. 
    Bäsleşikde edilen çykyşlarda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler giňden wasp edildi. Şeýle-de olarda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk, bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalardyr maksatnamalar hakynda hem aýdyldy.
    Ýörite orta lukmançylyk bilimli saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Aşgabat şäheriniň 13-nji Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy Soltangül Gurbanberdiýewa «Iň göreldeli şepagat uýasy» diýen ada we Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň we Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Hormat hatyna we gymmat bahaly sowgadyna mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşan beýleki şepagat uýalaryna höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.