«Ýylyň mugallymy»

    Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşik iki gün dowam etdi. Mugallymlar eminler topary tarapyndan saýlanan temada bellenen synplarda  okuw we terbiýeçilik sapaklaryny geçdiler. Bäsleşikde Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy Amangül Sopyýewa ýeňiji boldy we jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.