Täze tehnikalar gelip gowuşdy

    «Welaýatsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň düzümindäki Daşoguz «Altynasyrtürkmenkölgurluşyk» dolanyşygy birnäçe ýyldan bäri Garagumda gurulýan «Altyn Asyr» Türkmen kölüne baryp guýýan şor suw akabasynyň gurluşygyny alyp barýar. Bu ýerde läbik sorujylaryň ýedisiniň güýjünden peýdalanylýardy. Ýakynda Gollandiýada öndürilen Baýer-40 kysymly döwrebap läbik sorujynyň ikisi gelip gowuşdy. Bu dolanyşygyň iş mümkinçiligini ýokarlandyrdy.