11 ýyllygyna bagyşlandy

    Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi açyldy we maslahaty geçirildi. Uly möçberli gözden geçiriliş şu ýyl 11 ýyllygyny belleýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmegine bagyşlanyldy. Oňa ýurdumyzyň telekeçileri, daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, köp sanly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Sergide birnäçe diwarlyklar görkezilýär. Olaryň hatarynda TSTB-niň düzümleýin bölümleri hem-de welaýat bölümleri, oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda hem-de gurluşyk serişdelerini, elektrik enjamlaryny öndürmekde, söwdada, syýahatçylykda, bilimde, durmuş hyzmatlary, ulag hem-de logistika ulgamlarynda, amaly-haşam senetlerinde we beýleki ugurlarda işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bar.