Rowaçlygyň nury düşüp, her öýe, her ojaga, goşa-goşa perzent dolýar, mähir doly gujaga!

    Durmuşda bolup geçýän käbir şatlykly wakalaryň täsiri aýlap-ýyllap hem hakydaňdan çykmaýar. Biz olary hatda üstünden ýyllar geçenden soňra hem ýatlap ýörýäris. Käbir begençli wakalaryň şatlygy bolsa, her gün gaýtalanmak bilen barha uly mana eýe bolup, bir ömür biziň hemramyz bolýar. Şeýle ajaýyp wakalaryň biri-de, maşgalada perzendiň dünýä inmegidir. Çaga dünýä inen gününden başlap, onuň ata-enesidir ýakyn hossarlary çaga  bilen bile maşgala gelen ullakan bagtyň nähili süýjüdigini günsaýyn duýup ýaşaýarlar...
    Borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Batyr Joraýewiň maşgalasy bolsa, şeýle bagta indi dördünji gezek eýe boldy. Özi hem, olaryň dördünji gezek eýe bolan bagtlary tutuş halkymyz bolup ýüze sylyndy. Çünki bu maşgalada ilçilikde seýrek duş gelýän ýagdaý — üçem çaga dünýä indi. Maşgalada ekiz ýa-da üçem perzendiň dünýä inmegi, yryma ynançly halkymyzda Hakyň nazar salmagy, ykbalyň gülüp bakmagy hasap edilýär. Meniň özümem mawy ekran arkaly bu bagtyýar maşgala hakynda taýýarlanan gepleşige tomaşa edenimde, biri-birine meňzäpjik duran akja bäbejikleri gaýta-gaýta ýüzüme sylypdym. Şondan kän wagt geçmänkä bolsa, maňa şu okaýan makalaňyzy taýýarlamak üçin şol maşgala myhman bolmak, ykbalyň üýtgeşik peşgeşi bolan şol üçem bäbejikleri elime alyp, olary gaýtadan ýüzüme sylmak nesip etdi.
    Halk içinde aýdylýan «Her bir zat öz döwrüne görä» diýen aýtgy, meniň Joraýewleriň agzybir ojagyna gadam basan badyma aňyma doldy. Ol aýtgy, juda jaý aýdylan hakykat ekeni. Öň üç gyz perzendiň eýesi bolan bu maşgalada birbada üçem ogul perzendiň dünýä inmegi, olara-da Rowaç, Daýanç, Guwanç diýlip, bizi üstünlikden-üstünlige sary alyp barýan bagtyýar döwrümiz bilen bagly atlaryň dakylmagy Joraýewleriň maşgalasynyň döwrebap, hakyky watan goragçysynyň maşgalasydygyna güwä geçýär. Olaryň hersi bir jigisini göterip, ýylgyryp duran gyzjagazlary Maral, Mähri hem-de Aýnajyk bolsa, halkymyzyň «Oguldyr döwletiň başy, gyz hem bolsa göwün hoşy» diýen ýagşy niýete beslenen jümlesini ýadyňa salýar. 
    Men Joraýewleriň maşgala ojagyna tarap ugranymda, öz ýanymdan «Üçemleriň ata-enesinden ony soraryn, muny soraryn» diýip, käbir zatlary belleşdirip goýupdym. Emma ak bagta meňzeş, jennetiň ysy kükäp duran bäbejikleri ýeke-ýekeden gujagyma alyp, ýüzüme sylyp ýörşüme, sorajak diýen zatlarymy hem soramandyryn. Bir zada bolsa, has-da haýran galdym. Men olaryň gapysyndan girenimden tä gaýdýançam, ýüzümdäki ýylgyryş aýrylmady. Men hatda Joraýewler bilen sagbollaşyp, ýola düşenimden soňam, öz iş ýerime gelenimden soňra-da şol ýylgyrdym ýördüm.  Soň ýatlap otursam, üçemleriň kakasy Batyryň, olaryň ejesi Mamajanyň, asyl şol ýerdäkileriň ählisiniň hem ýüzünde bir enaýy ýylgyryş bardy. Men soraýyn diýen zatlarymy näme üçin soramandygyma-da indi düşünýärin. Eýsem, tutuş durky bilen ýylgyryp, ýüz-gözi begençden gülüp duran adamdan «Sen bagtlymy?» diýip soramagyň hajaty barmy?! Dünýä inen üçem perzentlerine ýurdumyzy gurşap alan rowaçlyga, bagtyýar döwür bilen halkyň birliginde kemala gelen mizemez daýanja, şeýle bagta buýsanýan kalplarymyzda joş urýan guwanja mynasyp nesiller bolup ýetişmegi arzuwlap, süýji arzuwlar bilen Rowaç, Daýanç, Guwanç dakan ata-eneden bagtyýar döwrümiz hakyndaky haýsy sowala şondan ajaýyp nähili jogap alyp bolar?! Bize diňe harby gullukçy Batyr Joraýewiň agzybir maşgalasynyň şatlygyna şärik bolup, döwrebaplykda, döwlete ýarlykda olardan nusga alaýmak galýar. Özi hem, üçem oglan perzentleriň hut watan goragçysynyň maşgalasynda dogulmagy, aýratyn bir mana eýedir. Bu çuň manyny bir tarapdan, mukaddes ata Watany goramagy özüne bagt saýyp, bu belent borja ömrüni baglan ynsana ykbalyň ýapan serpaýy diýip düşündirip bolsa, ikinji bir tarapdan, mähriban ýurdumyzda ata kesbini dowam edip, Watan ogly bolup ýetişjek  nesilleriň dowamynyň üzülmezliginiň buşlukçysy diýip kabul edip bolar.
    Goý, her bir türkmen ojagyna rowaçlyk getirýän «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň her bir güni mundan beýläk hem şeýle ýakymly wakalara beslensin. Öz iliniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, erkana ösüp-örňemegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, il bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!