Önümçiligiň täze mümkinçilikleri

    Düýn TSTB-niň başlangyjy hem-de goldawy bilen «Hil Standart» hojalyk jemgyýeti tarapyndan USAID-iň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek baradaky taslamasynyň ýardam bermeginde ýurdumyzda ilkinji hususy mikrobiologiýa barlaghananyň açylyş dabarasy boldy. Ýokary hilli tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan barlaghanada çörek we çörek önümleri, süýt we süýt önümleri, et we et önümleri, konditer, gaplanan we bakja önümleri, dürli içgiler barlagdan geçiriler.