«Greppling çempiony» atly guşaga mynasyp boldular 

    Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde dünýäniň 23 döwletinden 200-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda açyk halkara ýaryş geçirildi. Ýaryşa türkmen türgenleriniň 10-a golaýy ýurdumyza wekilçilik etdi. 
    Ýokary derejede geçen ýaryşda sportuň greppling görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Kemal Meredow (62 kilogram agramda) bilen Jelilmuhammet Hojamyradow (71 kilogram agramda) garşydaşlaryndan üstün çykyp, olaryň hersi altyn medala hem-de «Greppling çempiony» atly guşaga mynasyp boldular. 
    Sport äleminde geljegine uly ynam bildirilýän talyp türgenlerimiziň halkara ýaryşda gazanan üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda türkmen sportuny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezýär. 
    — Russiýa Federasiýasynda geçirilen açyk halkara ýaryşda ýurdumyzyň adyndan çykyş edip, altyn medala mynasyp bolduk. Halkara ýaryşyň ýeňişli münberinde ata Watanyň Tuguny parlatmak kalbyňda söz bilen beýan edip bolmajak buýsanjy döredýär. Özüm ençeme ýyl bäri sportuň jiu-jitsu görnüşi bilen gyzyklanyp gelýärin. Sportuň bu görnüşi boýunça dürli ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň birnäçesinde ýeňişli orunlary eýelemegi başardym. Halkymyzda: «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýlişi ýaly, jiu-jitsu sportundan başga-da, birnäçe sport görnüşi boýunça tälim alýaryn. Bu ýaryşa tälimçimiziň yhlasy bilen irginsiz taýýarlyk gördük. Yhlasly ýapyşylan işiň netijesiniň näderejede şowly bolýandygyny, şol duýgyny başdan geçireniňde, bilip bolýan eken. Ýöne, bellemeli zat, yhlas bilen ukyp sazlaşanda welin, has şowly bolýan eken. 
    Ýaryşyň dowam edýän günlerinde oňa gatnaşýan türgenler bilen Sankt-Peterburg şäherindäki sport toplumlaryna baryp gördük. Ol ýerde beýleki türgenler bilen türgenleşik geçip, sportuň görnüşleri dogrusynda pikir alyşdyk. Türkmen türgenleri üçin türgenleşmäge, tejribe alyşmaga, iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda abyrsyz işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin! — diýip, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Jelilmuhammet Hojamyradow gürrüň berdi.