Täze önümçilik işe girizildi

    Düýn Balkanabat şäherinde demir üçek örtüklerini öndürýän önümçilik desgasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
    Balkanabatly telekeçi Ahmet Hojaberdiýewiň buýurmasy bilen, «Kuwwatly ussatlar» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň guran ýokary hilli, meýdany 4 müň inedördül metre barabar bu möhüm desgasy ýurdumyzyň günbatar sebitinde telekeçiligiň ynamly ösdürilýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsine öwrüldi. Dolandyryşyň kämil tehnologiýalarydyr enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen täze önümçilik desgasynda ýerine ýetirilýän işler awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. 
    Täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasy aýdym-sazly, şatlyk-şowhunly çykyşlara beslendi. Balkanabat şäheriniň günbatarynda Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň iki ýan tarapynda telekeçilere ýörite bölünip berlen senagat zolagynda gurlan täze önümçiligiň açylyş dabarasyna Balkan welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda täze önümçilik desgasynyň gurluşygynda göreldeli zähmet çekenlere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
    Bu önümçilikde başlangyç tapgyrda her ýylda demir üçek örtükleriniň 25 — 30 müň inedördül metrini öndürmek göz öňünde tutulýar. Täze önümçiligiň işini kadaly ýola goýmak üçin gerek bolan çig mal Russiýa, Hytaý we Hindistan döwletlerinden satyn alnar. Täze desganyň eýesi bolan telekeçi senagat zolagynda özüne bölünip berlen, umumy meýdany 20 müň 500 inedördül metre barabar bolan bu ýerde geljekde demirden we plastmassadan taýýarlanylýan gurluşyk materiallarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagy hem maksat edinýär. 
    Döwrebap önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşanlar bu ýerde ýokary hilli gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar. 
    — Häzirki zaman hil ülňülerine doly laýyk gelýän kuwwatly önümçiligi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň öň ýanyndaky günlerde dabaraly ýagdaýda işe girizendigimize çäksiz buýsanýarys. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi öz ýurdumyzda döretmek baradaky sargytlaryna mynasyp iş bilen jogap bermegimiz bizi täze sepgitlere ruhlandyrýar. Täze işe girizen önümçiligimiz birnäçe adamy hemişelik iş orunlary bilen üpjün eder. Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşmaga biz, telekeçilere döredip berýän şertleri üçin milli Liderimize alkyşymyzyň çägi ýok — diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, täze desganyň eýesi Ahmet Hojaberdiýew buýsanç bilen aýdýar.