Taryhy Karara bagyşlandy

    Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny taýýarlamak we gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça Guramaçylyk toparynyň nobatdaky giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň 4-nji martda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideo şekilli iş maslahatynda gol çeken köpugurly taryhy Kararyna bagyşlanyp geçirilen mejlisde sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşyna gatnaşjak milli ýygyndy toparlarymyzyň taýýarlyk işleri dogrusynda jikme-jik gürrüňler edildi. Mejlisiň dowamynda türgenlerimiziň XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk işleri, olar bilen baglanyşykly halkara sport hyzmatdaşlygy ugry boýunça ýerine ýetirilen işler, ýaryşa gatnaşmak bilen bagly çykdajylary maliýeleşdirmek hem-de sportuň kesgitlenen görnüşlerine berkidilen hemaýatkärler tarapyndan alnyp barylýan işler barada, türgenlerimiziň okuw-türgenleşik işlerini guramak üçin zerur bolan sport maksatly desgalar barada, halkara ýaryşyň açylyş we ýapylyş dabaralarynda, ýaryş döwründe türgenlerimiziň resmi lybaslarynyň, şeýle hem tälimçileriň lybaslarynyň görnüşlerini taýýarlamak we üpjün etmek barada, şeýle-de olaryň ýokary funksional derejesini saklamak üçin sport iýmiti we ýörite iýmit goşundylary bilen üpjün etmek barada örän çuň manyly çykyşlar diňlenildi. Milli Liderimiziň taryhy Karara gol çekmegi türgenlerimizi uly ýeňişlere ruhlandyrdy. Ähli we çäksiz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna mejlise gatnaşanlar, esasanam, türgenler örboýuna galyp, ýürek alkyşlaryny aýtdylar.