Türkmenistanyň durnukly ulag, energetika we suw diplomatiýasy ugurlarynda gazananlaryna bagyşlanan brifing geçirildi

    Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ilçihanalaryň we halkara guramalaryň hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Türkmenistanda hasaba alnan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň durnukly ulag, energetika we suw diplomatiýasy ugurlarynda gazananlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda energetika, ulag we suw-ekologiýa diplomatiýasy eýeleýän orny barada gürrüň edildi.
    Bellenilişine görä, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynda ulag ulgamyna aýratyn orun degişli bolup, muny bu ugurda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzda, şeýle hem dürli derejelerdäki halkara taslamalarda görmek bolýar. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglarynyň çekilmegi bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeler döredilýär, bu bolsa sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny we haryt dolanyşygynyň göwrümleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär. 2018-nji ýylda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde işler başlandy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Serhetabat — Turgundy ugry boýunça demir ýoluň gurluşygy tamamlandy. Owganystanyň Akina menzilinde demir ýoluň täze böleginiň gurluşygyna başlandy.
    Brifingde Türkmenistanyň döwlet we daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan iri göwrümli energetika taslamalarynyň ähmiýeti dogrusynda hem bellenilip geçildi.
    Ýeri gelende, Türkmenistanyň nebit-gaz serişdeleriniň möçberi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolmak bilen, bu tebigy baýlyklary milli ösüşe hem-de bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmegi meýilleşdirýändigini bellemeli. Munuň özi bolsa ýene bir gezek ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň hakyky parahatçylyk we ösüş maksatlaryna ygrarly bolup galýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň esasynda energoserişdeleri halkara bazarlara çykarmagyň durnukly we ygtybarly üpjün etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýalarynyň birnäçesi kabul edildi. Gazyň HHR-e yzygiderli iberilmegini üpjün etmek boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär, häzirki wagtda bolsa gazyň Ýewropa ugradylmagy boýunça gepleşikler işjeňleşdirildi. Maslahatda bu ugurda golaýda gol çekilen Hazar deňzi — Gara deňzi ulag geçelgesi boýunça Buharest Jarnamasynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.
    Pikir alyşmalaryň barşynda bellenilişine görä, suw meselesi häzirki wagtda halkara syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Daşary syýasat strategiýasynyň aýrylmaz bir bölegi suw diplomatiýasynyň dünýä derejesinde öňe sürülmeginden we iş ýüzünde amala aşyrylmagyndan ybaratdyr. Häzirki döwürde ähli döwletleriň deňhukuklylygy, özara hormatlamagy we jogapkärçiligi esasynda suw meselesi boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamak zerur bolup durýar.
    Ähmiýeti we derwaýyslygy boýunça sebit çäklerinden has giň derejelere çykýan Hazar we Aral deňizleriniň meselelerini çözmekde, her damjasy altyn dänesine deňelýän suwy tygşytly hem-de isripsiz harç etmek boýunça wezipeleri amala aşyrmakda Türkmenistan özüniň mynasyp we saldamly goşandyny goşýar. Maslahatda bu babatda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň uly ähmiýete eýedigi dogrusynda bellenildi. 
    BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň belleýşi ýaly, «BMG dürli ugurlar boýunça işjeň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýär. Biz ýurtlaryň we sebitleriň durnukly ösüşiniň hatyrasyna tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagy bilen bagly meselelerde diňe özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde özara bähbitli çözgütleri tapyp boljakdygyndan ugur alýarys. BMG energiýa serişdeleriniň ygtybarly hem howpsuz üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryny hemişe goldaýar».
    Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd bolsa öz çykyşynda: «Ekologiýa howpsuzlygyny we tebigy serişdeleriň, şol sanda suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagyny üpjün etmek Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. ÝHHG sebitara gepleşikleri işjeňleşdirmek hem-de bu meseleleri çözmegiň täsirli usullaryny işläp düzmek boýunça möhüm işleri ýerine ýetirýär.
    Suw diplomatiýasy ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen 20 ýylda merkez tebigy, şol sanda suw serişdelerini dolandyrmaklygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryny goldamaga gönükdirilen birnäçe taslamalary durmuşa geçirdi» diýip, ol belledi.
    Brifingiň barşynda Türkmenistanyň energetika, ulag we suw-ekologiýa diplomatiýasy boýunça durmuşa geçirýän işleriniň bütin dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uly ähmiýeti nygtaldy.