«Ahal» «Hujand» bilen deňme-deň oýnady

    Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň wise-çempiony, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň «Alaý» toparyndan üstün çykyp, ýaryşy pleý-off tapgyrda dowam etdirmäge hukuk gazanypdy. Ildeşlerimiziň bu gezekki garşydaşy Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» futbol topary.
    Düýn köpugurly «Aşgabat» stadionynda «Ahal» bilen «Hujandyň» arasyndaky ilkinji duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 1:1 hasaby bilen deňme-deň tamamlandy.
    Duşuşykda ilki bolup hasaby myhmanlar açdylar. 16-njy minutda «Ahalyň» derwezeçisi Batyr Babaýewiň goýberen sähelçe ýalňyşlygyndan myhman toparyň oýunçylary dürs peýdalandylar. 25-nji doglan gününi Aşgabatda belleýän Jahongir Ergaşew biziň derwezeçimiziň üstünden pökgini owadan aşyryp, «Hujandyň» AFK-nyň kubogy — 2019-daky ilkinji pökgüsini geçirdi.
    Ildeşlerimiz bu geçirilen pökgä 29-njy minutda jogap berdiler. Şu duşuşygyň ykbalyny kesgitlän pökgini hüjümçi Didar Durdyýew geçirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda iki tarapdan hem howply hüjümleriň birnäçesiniň gurnalandygyna garamazdan, hasaby artdyrmak olaryň hiç birine başartmady.
    Jogap duşuşygy 13-nji martda Täjigistanyň Hujand şäherinde geçiriler. Bu duşuşykda türkmen futbolçylaryny ýeňiş ýa-da 1:1-den uly hasapdaky deňlik kanagatlandyrýar.
    Pleý-off tapgyrynyň ýeňijisi yklym ýaryşynyň merkezi zolagyna, ýagny «D» toparça goşular. Häzir bu toparçada ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr», Täjigistanyň çempiony «Istiklol» we Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoý» bar.