Ýaponiýanyň «Hinamatsuri» baýramçylygynyň hem-de milli tagamlarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

    Düýn Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisiniň kabulhanasynda ýapon halkynyň «Hinamatsuri» baýramçylygynyň hem-de milli tagamlarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Oňa ilçihananyň işgärleri, paýtagtymyzda ýerleşýän meşhur restoranlaryň baş aşpezleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
    Bu çäräniň ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi ýöne ýerden däl. Çünki ýaponlarda mart aýynda «Hinamatsuri» baýramçylygy — gyzjagazlaryň sagdyn ösmegi üçin dileg edilýän milli baýram bellenilýär. Şeýle-de ol erikleriň gülleýiş baýramçylygy bolan Momo-no Sekku bilen-de baglanyşykly. Köne ýapon aý senenamasyna görä, ýaz pasly 3-nji martda başlaýar. Bu döwrüň erikleriň gülleýän wagtyna gabat gelýändigi üçin hem baýram hökmünde bellenilýär. Dabaraly çärä gatnaşyjylar «Hinaningýo» gurjaklaryny, bakylyk agajy hasaplanylýan «Taçibana» agajyny synlamaga, halkyň milli aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
    Dabaranyň esasy bölegi ýapon tagamlaryna bagyşlanyldy. Dabara gatnaşyjylar şekilli görnüşler arkaly ýapon tagamlarynyň käbiriniň bişirilişi bilen tanyş boldular. Ýapon medeniýetiniň gadymy taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan tagamlar hakynda özara pikir alyşdylar. Özboluşly täsirlere hem-de gyzykly söhbetlere baý bolan dabaranyň dowamynda myhmanlara bu tagamlaryň ençeme görnüşlerinden hem-de ýapon milli içgilerinden dadyp görmäge hem mümkinçilik döredildi. 
    Dabaranyň dowamynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň çykyşy aýratyn täsirli boldy. Onda türkmen hem-de ýapon halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamdaky ýygjam gatnaşyklar öz beýanyny tapdy.