«Talyp gözeli — 2019» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

    Düýn Türkmen döwlet medeniýet institutynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2019» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan gyzlaryň 20-si gatnaşdy.
    Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik gyzlarda milli medeniýetimize, sungatymyza höwes döretmek, olara ene-mamalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy, edim-gylymlary öwretmek maksady bilen geçirildi. Talyp gyzlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.
    Talyplar birinji şertde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yglan edilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa, türkmen gyzyna mahsus bolan edep-ekram, abraý-mertebe dogrusynda goşgy, monolog ýa-da sahna üsti bilen çykyş etdiler. Bellenilen az wagtyň dowamynda gyzlaryň görkezen täsirli çykyşlary dabara gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi.
    Bäsleşigiň ikinji şertinde gyzlar «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, türkmeniň milli tagamy bolan unaşy kesmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Üçünji şertde bolsa olar türkmen milli lybaslarynyň döwrebap görnüşlerini görkezip, egin-eşik geýmekde milliligimiziň häzirki zaman öwüşginlerini, zamanabaplygyny ussatlyk bilen görkezmegi başardylar.
    Bäsleşigiň emin agzalary talyp gözelleriň ukyp-başarnyklaryna, sungata, milliligimize bolan sarpasyny görkezmek babatdaky çykyşlaryna ýokary baha berdiler. Netijede, eminler topary tarapyndan bäsleşigiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ogulbagt Koçiýewa mynasyp boldy. Degişlilikde, bäsleşikde birinji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Ogulgöwher Muhammedowa, ikinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Tawus Şadurdyýewa, üçünji orna bolsa Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ogulgerek Şyhyýewa mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige işjeň gatnaşan gyzlar hem höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.
    Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan bäsleşigiň ahyrynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda türkmen zenanlarynyň mertebesini belende galdyrýan, ýurdumyzda milliligimize sarpa goýýan ýaşlary kemala getirmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň waspy belentden ýaňlandy.