MEDENIÝET MILLETIŇ MERTEBESIDIR

    Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli Täze ýyl Gutlagynda: «Medeniýet halkyň kalbydyr, milletimiziň mertebesidir» diýen parasatly sözleri hakynda pikir öwüreniňde seni juda çuňňur pelsepeler ummanyna alyp gidýär. Çünki ynsan mertebesi juda ýokary derejeli sözdür. Mertebe halkyň belli-belli şahsyýetlere ýüreginden, pikir-oýundan syzyp bagyş edýän derejesidir. Biziň halkymyz, ilki bilen, öz Arkadagyna belent mertebeli Prezidentimiz diýip ýüzlenýär. Milli Liderimiz bolsa bu gün milletiniň mertebesini medeniýeti bilen kesgitleýär.
    Medeniýet sözi juda köpmanyly, köpgyraňly söz bolup, ol öz içine ylym-bilimi, düzgün-tertibi, däp-dessury, milli mentaliteti we ýene-de köp düşünjeleri alýar. Edil adam ýüreginiň onuň kuwwatly hereketlendirijisi bolşy ýaly, medeniýet hem halkyň kalbydyr, ýüregidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň öz iline peşgeş beren çuňňur paýhasly, ajaýyp eserleriniň giden toplumynda hem aýratyn bellenilip geçilýär. Medeniýetiň her bir adamdan başlap, döwletiň ykbalyna çenli ýetirýän täsiri bu gün ylmy taýdan hem tassyklanylan hakykatdyr. Medeniýetli adamlaryň ähli babatda göreldeli saýlanyp, tapawutlanýanlygy hemmämize äşgär hakykat. Bu döwlet derejesinde alanyňda hem hut şeýle. Haýsy döwletiň gadymda, şu gününde ösen medeniýeti bar bolsa, şol döwlet hem kuwwatlydyr. Bu hakykat eýýäm bütin dünýäniň ykrar eden beýik hakykatydyr. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Ýer ýüzüne parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk syýasatyny aýdym-sazyň, hoş owazyň, milli medeniýetimiziň wagyz edilmegi bilen ýaýýar. Bu ýol, pähim-parasada, pederlerimiziň milli mirasyna salgylanyp, älem-jahany ýagşylyga, ýagtylyga çagyrýar. 
    Halkymyzyň medeni mirasyny mundan buýana hem baýlaşdyrmak, öwrenmek we nesillerimize geçirmek işi berkarar Watanymyzda üstünlikli dowam etdirilýär. Biziň ata Watanymyz öz geçmiş mirasyny, medeniýetini tutuşlygyna, hemmetaraplaýyn sarpalamak arkaly, öz saýlap alan ýoluny gülledýär. 
    Pederleriň ak patasy bilen tutulan tutumlara rowaçlygyň ýaran bolýanlygyna şaýat bolýan halkymyzyň milli mentalitetiniň özboluşlylygy hem şundan ybaratdyr. Baý folklorymyzyň esasy hazyna gorlarynyň biri bolan rowaýatlarymyzdyr ertekilerimiz hem hut şu häsiýetli pikirleri has köp öňe sürýändigi bilen tapawutlanýar. 
    Hemmeleriň öz garran ene-atalaryny dagyň gowagyna taşlaýan wagty garryja atasyny sandykda gizläp, arkasyna hopba edip gezen ýaş ýigit baradaky rowaýaty ýada salyň! Beýlekilerden tapawutlylykda işleri has şowlap giden bu ýigidiň syry ýurduň patyşasyna aýan bolanyndan soňra, öňden gelýän bu ýaramaz dessuryň soňuna çykylypdyr. Hawa, «Arzuwly guş käbä ýetmiş» diýip, öz isleg-arzuwlaryny, päk-niýetlerini dilden-dile, agyzdan-agza, nesilden-nesle geçirip gelen ata-babalarymyzyň milli maddy we ruhy mirasy bu gün döwlet derejesinde sarpalanýar. Hut şonuň üçin hem üstümizdäki ýyl «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly diýip uly buýsanç bilen atlandyryldy. Halypa şahyrymyz Berdinazar Hudaýnazarowyň «Alkyşlynyň işi rowaç bolar...» diýen setirleri hut şu pursat hakydaňa dolýar. «Alkyş bilen är gögär...» diýen nakylyň aýdyň subudyny görkezen milli Liderimiz bu gün halkynyň Gahryman 
    Arkadagy bolup, ýurdunda rowaçlyklary gülledýär. Gadymy we müdimi milli mirasymyzyň dürdänelerine salgylanyp, saýlanyp alnan ýol bolsa, bu gün üstünliklerden üstünliklere ýetirýär!