TÜRKMENISTAN — UKRAINA: bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

    Hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasatynyň esasynda, durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Muny Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylýan ylalaşyklar esasynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň mysalynda hem aýtmak bolar.
    Ýakynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Bilim ministrliginiň wekillerinden ybarat topar Ukraina döwletinde iş saparynda boldy. Toparyň düzüminde Milli bilim institutynyň direktory Baýram Bäşimow, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat Keriýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burunow dagy boldy.
    Saparyň ilkinji gününden Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň wekilleriniň ýardam bermeginde Ukrainanyň paýtagty Kiýewde, Harkow we Odessa şäherlerindäki ýokary okuw mekdeplerinde duşuşyklar boldy. Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we türkmen talyplary bilen bolan duşuşyklarda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha giňeýändigi barada täsirli çykyşlar hemmeleri ýatda galyjy ýakymly duýgulara besledi.