WELOSIPED BINASY: PAÝTAGTYŇ TÄZE ÖWÜŞGINI 

    Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji fewralynda bolup geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda Welosiped binasyny gurmak hakyndaky Karara gol çekmegi ýurdumyzyň sport jemgyýetçiligi üçin şatlykly waka boldy. «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasynyň gurjak bu binasy 2020-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga berler we paýtagtymyzyň binagärlik keşbine täze öwüşgin çaýar.
    2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň ençeme ýurdunda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni giňden bellenip geçildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan bu sene, diňe bir sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak babatda däl, eýsem, daşky gurşawyň goraglylygy üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy öz Rezolýusiýasy bilen sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletara hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmelere goldaw berdi.
    Welosiped binasynyň taslamasy bilen tanşanyňda, onuň juda oýlanyşykly işlenip taýýarlanandygyna göz ýetirýärsiň. Diametri 80 metre deň boljak we beýikligi 35 metre ýetjek bina tutuşlygyna halkymyzyň milli gymmatlyklaryny özünde şöhlelendirýär. Binanyň bir tarapynda ýerleşdirilen, sähralardan, dag-düzlerden hatar tutup geçip barýan ýükli kerwenler türkmeniň milli gymmatlyklarynyň geçmişden geljege sary durky bozulman, ähli çugdamlygy bilen äkidilip barylýandygyny aňladýan bolsa, kerweniň gapdalynda türkmeniň meşhur alabaý itiniň beýan edilmegi gadymy däp-dessurlarymyzyň, edim-gylymlarymyzyň, milli buýsançlarymyzyň berk goraglydygyny şöhlelendiripdir. 
    Binada ýerleşdirilen Ýer şarynyň bir tarapynda gadymy türkmen sähralaryndan geçen kerwen ýollarynyň, taryhy ýadygärlikleriň, ulag-üstaşyr geçelgeleriň şekilleri şöhlelendirilipdir. Bu bolsa ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda taryhymyzyň, şu günümiziň we ýagty ertirlerimiziň arasyndaky mizemez arabaglanyşygyň emele getirilendigini alamatlandyrýar. ªonuň bilen bir wagtyň özünde-de, bu ýagdaý Türkmenistanyň dünýäniň häzirki zaman gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna işjeň goşulyşandygynyň, ýurdumyzyň Ýer ýüzüniň geosyýasy ýagdaýyndaky ornunyň barha giň gerime eýe bolýandygynyň subutnamasy hökmünde orta çykýar. 
    Milli Liderimiz ýurdumyzda we dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, şeýle hem ony durmuşa ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýar. Bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistany sportuň rowaçlanýan Watany hökmünde ykrar etmegi we Aşgabadyň ähli amatlyklar bilen üpjün edilen desgalarynda halkara ýaryşlary hem-de dünýä çempionatlaryny geçirmäge islegleriň artmagy ýokarda aýdanlarymyza şübhesiz subutnama bolsa gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we teklibi bilen, paýtagtymyzda Welosiped binasyny gurmak baradaky taslamanyň ähli taraplaýyn oýlanyşykly taýýarlanmagy, oňa binagärligiň milli ülňüleri esasynda çemeleşilmegi geljekde sportuň türkmen ruhy bilen dünýä ýaň saljakdygyny, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň gyşarnyksyz berjaý ediljekdigini görkezýär. 
    Welosiped binasynyň merkezinde oturdylan Ýer şarynyň beýleki tarapynda Türkmenistanyň kartasynyň, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň häzirki zaman gazananlarynyň, ulag düzümleriniň özboluşly beýanyny tapmagy binanyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu görnüş ýurdumyzda ösüşiň diňe belli bir ulgamlarda däl, tutuş jemgyýetiň rowaçlygynda jemlenendigini, Türkmenistanyň dünýä hojalygyna batly ädimler bilen goşulyşýandygyny ýüze çykarýar. Muny binanyň ikinji tarapynda arşa sary süýnüp barýan bedew atlaryň mysalynda hem görmek mümkin. Ol, bir tarapdan, ösüşleriň bedew badyny görkezse, beýleki tarapdan, türkmen Diýarynda islendik işiň sungat derejesinde kämilleşdirilýändigini äşgär edýär. 
    Ýurdumyzyň kartasynyň gapdalynda Türkmenistanyň Bitaraplyk nyşanynyň ýerleşdirilmegi bolsa halkara gatnaşyklaryň islendik görnüşiniň parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, agzybirlik ýaly gymmatlyklara esaslanýandygynyň beýanyna öwrülýär.
    Ýer şarynyň daşyndan halkalaýyn aýlanýan welosipedçiler berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň Zeminiň iň esasy gymmatlygydygy baradaky düşünjäniň wagyzçylary hökmünde orta çykýar.