Göçme serginiň nobatdaky tapgyry açyldy

    «Arkadagly Watanym rowaçlyga beslenýär» diýen at bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we welaýat merkezlerinde hereket edýän döwlet muzeýleriniň hem-de ýörite sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümleriniň guramagynda ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän göçme serginiň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. 
    Ýurdumyzyň meşhur nakgaşlarynyň, suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleri esasynda guralan göçme sergä gatnaşmak kalbyňda gaýtalanmajak duýgulary oýarýar. Eserlerde türkmen halkynyň ruhy dünýäsini görmek bolýar. Serginiň nobatdaky tapgyrynda ýurdumyzyň ussat suratkeşleri Ý.Grişiniň, H.Şahberdiýewiň, A.Kulyýewiň, T.Akmämmedowyň, S.Meredowyň, Ý.Baýramowyň işleri görkezildi. Türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklary, ynsanperwer ýörelgeleri, ýurdumyzyň gözel tebigaty we halkymyzyň bagtyýar durmuşy baradaky çeper suratlandyrma eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Sergide ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän eserlere hem giň orun berildi.
    Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda açylan sergide suratkeşleriň mährem enelere bagyşlan eserleri hem öz ornuny tapdy. Olaryň arasynda görkana gelin-gyzlaryň suratlary, mugallym zenanyň, pagtaçy gyzyň, öý hojalykçy aýallaryň we beýlekileriň çeper portretleri bar.