Halkara zenanlar gününe bagyşlandy

    Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler mynasybetli sergileri guramak asylly däbe öwrülipdir. Muzeýde şu günler köpleriň ünsüni özüne çekýän sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.
    Ak gyşyň öz ornuny bahara beren günlerinde açylyş dabarasy bolan sergini synlamaga gelýänleriň, eýýäm, ilkinji günlerden juda kändigini turuwbaşdan aýtmak gerek. Sergide zenan dünýäsini we bu baýramyň zenanlara mahsus aýratynlygyny açmaga synanyşyklar edilipdir. Serginiň yzy üzülmeýän mähellesi bolsa ony guraýjylaryň öňde goýlan maksadyna ýetendiginden habar berýär.
    Serginiň açylyş dabarasy baharyň toýuna öwrüldi. Oňa Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatryndan, welaýatda ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden, edara-kärhanalardan köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Edilen çykyşlarda bolsa bu baýramyň aýratynlygyna üns çekilip, türkmen zenanlarynyň dünýädäki iň bagtly zenanlara öwrülendigi nygtaldy. 
    Serginiň mazmuny barada muzeýiň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa şeýle gürrüň berýär:
    — Serginiň bir bölümini muzeýimiziň gaznasyndan alnan, zenanlarymyz bilen bagly gymmatlyklar bezeýär. Olaryň arasynda gadymy döwürlere mahsus zenan lybaslaryndan başlap, şaý-seplerine, gündelik durmuşda ulanan öý enjamlaryna çenli bar. Sergide çeperçilik sungatynyň görnükli wekilleri Alym Işangulyýewiň nakgaşçylyk, Merdan we Abat Atajanowlaryň heýkeltaraşlyk, Dilber Omarowanyň keramiki işleri ýerleşdirildi. Saýlanyp alnan işleriň ählisi zenanlarymyza we bahar paslyna bagyşlanandyr.
    Sergi 10-njy marta çenli dowam eder. Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň indiki meýilleşdirýän sergisi bolsa Milli bahar baýramyna bagyşlanar.