Ýüz birinji ýazy garşylaýar 

    Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ýolöten etrap komiteti Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi bilen bilelikde 101 ýaşly mähriban ene Nurjemal Andyýewa Arkadag Prezidentimiziň iberen Şa sowgadyny hem-de özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk sowgatlaryny uly dabara bilen gowşurdylar. Dabara mährem enäniň perzentleri, kowum-garyndaşlary, obadaşlary gatnaşdylar. Şanly sene mynasybetli maşgalada uly toý toýlandy. Oňa gatnaşan myhmanlar bir asyry arka atan Nurjemal ejäni 8-nji mart — Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, iň süýji arzuwlaryny ýetirdiler. 
    Nurjemal Andyýewa 1918-nji ýylyň 30-njy iýunynda etrabyň «Agzybirlik» geňeşliginde daýhan maşgalasynda dünýä inipdir. Ol etrabyň Ýokary Suhty geňeşliginiň Ýokary Suhty obasynda ýaşaýan çarwa ýigidi Agarejep Andy ogly bilen durmuş gurupdyr. Ýaş gelniň esasy işi daýhançylyk, dokma dokamak, keçe basmak, bahar paslynda ýazlaga çykyp, goýun, geçi sagmak, sargan, gurt, saryýag, mesge ýaly milli azyklyk önümleri taýýarlamak bolupdyr. Kolhoz gurluşygy ýyllarynda gazy gazmaga, döwek döwmäge gatnaşypdyr. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe ýanýoldaşy Agarejebi Watan goragyna ugradyp, özi tylda gaýratly zähmet çekipdir. Möwsümleýin meýdan işlerine gatnaşyp, gijelerine tikin-çatyn, ellik, jorap örmek bilen meşgul bolupdyr. Nurjemal bilen Agarejebiň bir ogly, bir gyzy bolupdyr. Ogly Agamyrat dürli edaralarda sürüji bolup işläpdir. Gyzy Aça daýhan birleşiginden kärendesine ýer alyp, oba hojalyk ekinlerini ýetişdiripdir. Nurjemal ejäniň 14 agtygy, 48 çowlugy, 25 ýuwlugy bar. 
    — Pensiýalarymyz, aýlyk, kömek pullary wagtynda berlip dur. Elimiz uzadan ýerimize ýetýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgäni rowaçlandyrýan Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz sagbolsun aýdýaryn — diýip, Nurjemal Andyýewa ýürek buýsanjyny beýan edýär.