Köpçülikleýin sport çäresi geçirildi

    Düýn ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň guramagynda Medeniýet şäherçesiniň sport meýdançasynda köpçülikleýin sport çäresi geçirildi. Oňa medeniýet ulgamynyň wekilleri, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
    Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň baharynda uly dabaralara beslenip geçirilen çärede sportuň dürli görnüşlerine bagyşlanan ýaryşlar giň gerim aldy. Belentden ýaňlanýan aýdym-sazlaryň astynda ýerine ýetirilen sport oýunlary rowaçlygyň çeşmesiniň sportda, ruhubelentlikdedigini ýene bir ýola görkezdi.