BIRŽA TÄZELIKLERI

    Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. 
    Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, nebit koksuny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamid bolsa Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
    Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, portlandsementi, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million 149 müň dollaryndan gowrak boldy.
    Manat serişdelerine Hytaýdan we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 2 million 366 müň manatlykdan gowrak mata we nah ýüplük satyn aldylar. 
    Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 205 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.