Zehinli ýaşlaryň taslamalary

    Ýakynda Türkmenabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde welaýatyň mekdep okuwçylarynyň arasynda taslama bäsleşigi geçirildi. Ol «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly döwlet bäsleşiginiň çäklerinde guraldy.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim we hünär almagy hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Asylly däbe öwrülen ders we taslama bäsleşikleriniň ýeňijilerine halkara ýaryşlarda ukybyny synamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary, öz gezeginde, döredilýän mümkinçiliklere mynasyp jogap berip, dünýäniň dört künjünde geçirilýän halkara bilim we taslama bäsleşiklerinden üstünlik bilen dolanýarlar. Olaryň arasynda gündogar welaýatda bilim alýan ýaşlaryň hem onlarçasy bar.
    Şu gezekki bäsleşige-de welaýatyň orta bilim edaralaryndan zehinli okuwçylaryň 150-ä golaýy gatnaşdy. Üç ugur boýunça (ynsanperwerlik-durmuş bilimleri, tebigy we takyk ugurlar) geçirilen bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda saýlanan işleriň iň gowulary welaýat tapgyryna hödürlenildi. Olaryň arasynda has täsirli taslamalaryň hem bardygyny guwanç bilen nygtamak gerek. Mysal üçin, Farap etrabyndan gatnaşýan okuwçylar Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mehaniki usulynyň üstünde işläpdirler. Ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdepden gatnaşýan okuwçylar bolsa simsiz elektrik toguny geçirmek boýunça taslama taýýarlapdyrlar. Öý şertlerinde sabyn taýýarlamak, Çärjew etrabynyň çägindäki Ýassydepe galasynyň asyl nusgasynyň esasynda döwrebap myhmanhananyň taslamasyny düzmek, welaýatdaky taryhy ýadygärlikleri içgin öwrenmek bilen bagly işler hem täsirli bolupdyr.
    Bäsleşige welaýat Baş bilim müdirliginiň wekillerinden hem-de dürli etrap-şäherlerden gelen tejribeli mugallymlardan düzülen eminler topary baha berdi. Olar taslamalaryň iň gowularyny saýlap, bäsleşigiň döwlet tapgyryna hödürlediler. Ýakynda geçiriljek jemleýji tapgyr ýaş taslamaçylaryň birek-birek bilen tejribe alyşmagy üçin hem ähmiýetli bolar.