Harby zenanlar bäsleşdiler

    Halkara zenanlar güni «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hem aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu ajaýyp baýramçylyga bagyşlanyp diňe bir şowhunly dabaralar däl, eýsem, gözel zenanlarymyzyň gatnaşmagynda dürli bäsleşikler hem geçirilýär. Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillerimize ýetirmekde uly orun eýeleýän şeýle bäsleşikleriň biri-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň zenan harby gullukçylarynyň arasynda «Merdanalygyň nusgasy siz, zenanlar!» ady bilen geçirildi. Bäsleşigiň maksady, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde harby gullugy geçýän zenan gullukçylaryň döredijilik ukyplaryny, harby hünäre bolan söýgülerini, sowatlylygyny, sahna başarnygyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Görküne görk goşýan türkmen milli şaý-seplerine beslenen harby zenanlar öz aralarynda özüňi tanyşdyrmak, goşgudyr aýdym aýtmak, edermen zenan şahsyýetlerimiziň keşbini janlandyrmak, el işlerini ýerine ýetirmek, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaba salgylanyp, milli tagamlary taýýarlamak ýaly ugurlardan bäsleşdiler. Eminleriň gelen netijelerine görä, bäsleşikde 1-nji ýere Aşgabat garnizonyndan kapitan Tawus Tagandurdyýewa, 2-nji ýere Mary garnizonyndan borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Ogulnabat Ýakubowa, 3-nji ýere Türkmenabat garnizonyndan kapitan Manzura Bibitowa we Serdar garnizonyndan kapitan Altyn Babagulyýewa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.