«Drift» boýunça Türkmenistanyň çempionaty

    Içeri işler ministrliginiň Sport ulagy merkezinde «Volkicar» hem-de «Drift» sport ulaglary boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. 
    Şunuň bilen baglylykda Içeri işler ministrliginiň Sport ulagy merkezinde geçirilen konsert hem bu çempionatyň owadan jemlenmesine öwrüldi. Konsertde awtosport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz degişli sport merkezinde bolup, drift boýunça çylşyrymly öwrümleri amala aşyrdy. Konserte gatnaşyjylar uly mawy ekran arkaly döw let Baştutanymyzyň sport ulagynda görkezen bu ussatlygynyň ýene bir gezek şaýatlary boldular.