ÝAZ ÝAGŞY

    Ine, şu gün üçünji gündür, Diýaryma ýaz ýagşy ýagýar. Bu ýagşyň ýagşy üýtgeşik, bu ýagşyň özi üýtgeşik. Ýyldyrymlap däl, çabgalap däl, asudalyk bilen damjalaryny endigan sepeleýär. ªular ýaly ýagşa türkmen: «Nurdur, goý, ýagsyn!» diýýär. Dogrudanam, bu ýagyşdan sil dörär gorkusy ýok. Ol siňňitli ýagýar. Göýä, gar suwundan ganmadyk ýerler doýsun diýýän ýaly, bulutlar aýlanyp, topraga ýagmyryny paýlap ýör, gyssanman, howlukman, endigan.
    Mundan öňki ýagyşlar, birhili, gyşyň ysyny berýärdi. Bu welin, ak ýagyş, ýazyň ýagşy.
    Ene ýer bu ýagşa heziller edýär, onuň her damjasyny gursagyna siňdirýär. Ezilýär, ýuwulýar, ýüzüniň reňkini tämizleýär. Asmany örtüp duran çal bulutlar syrylyp, Gün çykaýsa, tomaşany şonda görersiň: baýyrlar, düzler, sähralar gök ota bürenendir. Hatda, ho-ol daglar bar, ana, şolaram uzakdan seretseň, göm-gök bolup görner. Harsaň-harsaň daşlara-da ot bitäýdimikä diýdirýär. Bu ýaz ýagşynyň oýny — daş-töweregi ýaşyl reňke boýaýar. Ilkinji meýdan gülleri-de gök otlar — gyrtyçlar bilen reňkdeş ýaly, uzakdan gök bolup görner. Häzir bolsa gögi bulutlar eýeläpdir. Gökje otlaryň gögerişini hiç kim görmesin diýip, şol pursady gözden-dilden goraýan ýaly, ýer-gök dumana gaplanypdyr.
    Bu pursatda guşlara çenli ähli janly-jandar dymýar, olaram tebigatyň şu ahwalyna — ýaz ýagşyna melul bolýandyr, belki! Ýa birden içki duýgularyny daşyna çykarsalar, jürküldäp, owaz etseler, ýaz ýagşy ýagmasyny bes eder, bijanlaryň jana gelmegi kesiler öýdýärlermikä?!
    Ýaz ýagşynyň öz owazy — aýdymy bardyr, ony kalbyň bilen eşidýärsiň. Ol aýdym adama rahatlyk berýär, ertelere ynam döredýär. Ynsan ýaz ýagşyndan soňky günleriň — yssy, salkyn, sowuk günleriň hemmesinde bolçulygyň boljakdygyna düşünýär. Türkmen ygala-yslaňa ýöne ýere «Bereketdir» diýmeýär. Sepeleýän bu ýagşyň her damjasy zire-zire däne bolup gelýär, baldan süýji ir-iýmişler, asaldan şirin nygmatlar bolup gelýär.
    Ata-babalarymyz ýagyş-ýagmyra: «Ekiniň hemdemi, ýeriň ýarany» diýipdirler. Ýene-de türkmenlerimizde suw bilen bagly şeýle nakyllar bar: «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer ýelli», «Damja suwdan tal çykar», «Ot odundan doýmaz, ýer — ýagmyrdan». Halkymyzda suw bilen bagly 200 töweregi nakylyň bardygyny aýdýarlar.
        Ýagyş ýagara geldi,
        Saman suwara geldi,
        Gyzlar oýnara geldi,
        Heýjan elek, jan elek,
        Gyş aýrylyp, ýaz geldi.

    Bu — halk döredijiligi. Aýdym bolup owazlanýan bu setirlerde ýagyş-ýagmyra, ýaza, topraga, durmuşa söýgi bar. Kimiňkidigini-hä biljek däl, ýöne kitaplaryň birinde okan, heňi öz içinde, gazaly ýatladyp duran şu setirler Hazar deňzini, bol ýagýan ýagşy ýatladýar — tükmeniň ýaz paslyny suratlandyrýar:
        Balkan dagyň başyndan
        Balyk geçip barýa-la,
        Öýken-bagry süýrenip,
        Gözýaş edip barýa-la.

    Ýagyn-ýagmyr jennetdendir. «Suw Hakyň jemalyn görendir». Ýaz ýagşy — Asmanyň Zemine söýgüsi. Bu söýgä Zemin has owadan görünýär, görklenýär. Üç günläp jybarlaýan ýagyş eziz Diýarda halatly halkymyzyň durmuşa geçirýän özgertmelerini Arşyň-Zeminiň goldaýandygynyň şaýadydyr. Ýaz ýagşy ýagýar. Öňde uly ýagyşlar, bol ýagyşlar bardyr. Ýagsyn, ýagyş bereketdir, nurdur!