MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ INTERNET OLIMPIADASYNDAKY ÝEŇŞI

    Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäherindäki «Erudit» ylmy-önümçilik merkeziniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýäniň birnäçe döwletleriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýyl guralýan internet olimpiadasynyň bäşinji tapgyry geçirildi. Oňa mekdep okuwçylarynyň 174-si gatnaşdy. Olaryň hatarynda biziň zehinli mekdep okuwçylarymyzyň hem birnäçesi bar.
    Sanly ulgam arkaly geçirilen olimpiada bir aý gowrak dowam etdi. Onuň netijesi boýunça Aşgabat şäherindäki 75-nji orta mekdebiň okuwçysy Raşit Hezretow taryh dersinden birinji, rus dilinden üçünji, 84-nji orta mekdebiň okuwçysy Maksut Babakulyýew, 37-nji orta mekdebiň okuwçysy Maýsa Hudaýberdiýewa, Gökdepe etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Meýlis Merdanow taryh dersinden birinji orna, Murgap etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Ýusubowa himiýa dersinden birinji, fizikadan üçünji orna, aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary Aýgül Atdyýewa iňlis dili, taryh, himiýa derslerinden birinji, biologiýadan ikinji orna, Rüstem Saryýew taryhdan birinji, biologiýadan ikinji orna, Weli Ýaýlymow matematika, informatika, taryh derslerinden birinji orna, Arzygül Muhyýewa, Mukam Ezizow taryh dersinden birinji orna, Bibigül Amanowa bilen Tuwakmämmet Mämmedamanow himiýa dersinden birinji orna mynasyp bolmagy başardylar. 
    Internet olimpiadasynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýörite diplomlar bilen sylaglandylar.