«Ahal» yklym ýaryşyny dowam etdirýär

    Öňňin Köpugurly «Aşgabat» sport toplumynda AFK-nyň kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyrynyň jogap duşuşygy geçirildi. Onda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Gyrgyz Respublikasynyň «Alaý» toparyny kabul etdi. Bu duşuşykdan bir hepde ozal Oş şäherinde geçirilen duşuşykda biziň ildeşlerimiz «Alaýy» 2:1 hasabynda ýeňipdi. Aşgabatdaky jogap duşuşygy hem türkmen futbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Röwşen Meredowyň şägirtleri gyrgyz toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňip, saýlama tapgyryň indiki ädimine — pleý-offa geçdiler.
    Ildeşlerimiziň pleý-offdaky garşydaşy Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» futbol topary bolar. Ilkinji duşuşyk 6-njy martda — Aşgabatda, jogap duşuşygy bolsa 13-nji martda, Täjigistanda bolar. Iki duşuşygyň netijesinde ýeňiji bolan topar «D» toparça, ýagny Merkezi zolagyň ýaryşyna goşulmaga hukuk gazanar. Pleý-offuň ýeňijisine bu ýerde Türkmenistanyň («Altyn asyr»), Täjigistanyň («Istiklol») we Gyrgyz Respublikasynyň («Dordoý») çempionlary garaşýar. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna 3-nji aprelde badalga berler. ªol gün «Altyn asyr» «Dordoý» bilen, pleý-offdan çykan topar bolsa «Istiklol» bilen duşuşar.
    «Ahalyň» ozal hem iki gezek saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, toparçalara goşulmagy başarandygyny ýatladýarys. Ildeşlerimize bu gezek hem üstünlik arzuw edýäris.