Waspy belent — Aşgabat

    Gadamyna bedew bady ýaraşýan Watanymyzyň joşgunly durmuşynda bolup geçýän ähli taryhy wakalar,  jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň derejesi, ösüşiň we özgerişiň mekany bolan ýurdumyzyň döredijilik we aň-paýhas kuwwaty bu gün köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwletli işlerinde has aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde uly gyzyklanma döredýän  parasatly syýasatyny, Karardyr tabşyryklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini halkymyza her günde gyzgyny bilen ýetirmekde telewideniýäniň, radionyň, gazet-žurnallaryň hyzmaty uludyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bir görnüşi bolan teleradio ýaýlymlarynyň  hersi özleriniň ýöriteleşen ugry bilen tapawutlanyp, bu ugurda netijeli we döredijilikli işleri alyp barýarlar. Täze pikirleriň, garaýyşlaryň üsti bilen hormatly Prezidentimiziň syýasatyndan ugur alýan şeýle ýaýlymlaryň biri hem Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymydyr.
    Elbetde, Diýarymyzyň gadymy ýadygärlikleri, baý tebigaty, şöhraty öçmejek milli gymmatlyklary, ýurdumyzyň sapaly hem şypaly ýerleri bilen tanyşmaga gelýänleriň arzuwly ýoldaky ilkinji gadamlary eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde tanalmaz ýaly özgeren gözel Aşgabatdan başlanýar. Bu gözel mekanyň waspyny ýetirýän «Aşgabat» teleýaýlymy bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2011-nji ýylyň 31-nji dekabrynda ilkinji gepleşikleri ýaýlyma berip, öz işine başlady.  Paýtagtymyzyň nurana görküne görk goşýan, döwrebaplygy bilen haýrana goýýan onlarça desgalardyr seýilgähleriň, suw çüwdürimleriniň, döredijilik heýkelleriniň, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan şaýollardyr köçeleriň, beýikligi asmana uzaýan ýaşaýyş jaýlarydyr belent binalaryň waspyny ýetirmek «Aşgabat» teleýaýlymynyň alyp barýan işleriniň esasy özenini düzýär. Teleýaýlymyň düzüminde «Habarlar», «Ylym we bilim», «Sport, saglyk we syýahat», «Syýasat», «Medeniýet» hem-de «Çagalar we ýetginjekler» ýaly bölümler hereket edýär. Teleýaýlymyň «Habarlar» bölümi tarapyndan Aşgabat şäher häkimliginiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň geçirýän çäreleridir wagyz-nesihat duşuşyklary, ýurdumyzdaky sport ýaryşlarydyr täzelikleri habar görnüşinde her günde ýaýlyma goýberilýär. Beýleki bölümlerde bolsa, teleýaýlymyň döredijilik işgärleri tarapyndan, ilkinji nobatda, öz bölümlerine degişli gepleşikler taýýarlanylýar. Galyberse-de, teleýaýlymlaryň bölüm redaktorlary paýtagtymyzdaky edara-kärhanalaryň alyp barýan işleri, seýilgählerdäki we dynç alyş ýerlerindäki döredilen mümkinçilikleri halkymyza ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen ýerlerde bolup, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlar bilen söhbetdeşlikler arkaly ak şäherimiziň gözelliginiň waspyny ýetirip, medeniýet we sungat ussatlarynyň Aşgabadyň ajaýyp görkünden ylham alyp, döreden eserlerini ýazga geçirip, gepleşikleri taýýarlaýarlar. Şeýle-de ýörite niýetlenen studiýalarda syýasy hem-de aýdym-sazly dynç alyş gepleşikleri taýýarlanylýar hem-de dabaraly bellenilýän baýramçylyk günleri mynasybetli gysga göwrümli kinofilmler, dokumental filmler düşürilip halkymyza ýetirilýär.
    «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik işgärleri tarapyndan taýýarlanylyp halkymyza hödürlenilýän, ildeşlerimiziň şanly seneler mynasybetli ýakynlaryna gutlaglaryny ýetirýän «Bagt synaýan aýdymlar», hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp bolan hem-de ykballarynda bolup geçen bagtly we tolgundyryjy, ýatdagalyjy wakalary başdan geçiren raýatlaryň ýakymly we süýji ýatlamalaryny gürrüň berýän «Pursatlar», fotosuratçylaryň arasynda paýtagtyň iň gözel ýerlerini fotosuratlar arkaly beýan edýän «Ak şäherden suratlar» atly bäsleşikler hem-de paýtagtymyzyň gül çemenini ýada salýan gözel görki dogrusynda söz açýan «Aşgabadyň şu güni» ýaly gepleşikler halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup, her hepde ýaýlyma goýberilýär. Bulardan başga-da «Sungat älemine syýahat», «Mukaddesligiň söhbedi», «Saglygym — baş baýlygym», «Taryhy şöhratly şäherim» atly gepleşikler täsirliligi bilen tapawutlanýar.
    Häzirki wagtda bu teleýaýlymda 100-e golaý adam zähmet çekýär. Olaryň arasynda Ýazgül Myradowa, Toýguly Geldiýew, Oguljennet Bäşimowa, Amangeldi Haýydow, Bahar Şadurdyýewa, Daňatar Çopanow ýaly ençeme ýyllardan bäri zähmet çekip gelýän tejribeli hem-de janypkeş hünärmenler ýaşlara döredijilikli işlerinde görelde görkezýärler. Şeýle-de teleýaýlymyň döredijilik işgärleriniň aglabasy ýaşlardan ybarat bolup, olardan Güljahan Eýeberdiýewa, Ysmaýyl Muhammetdurdyýew, Dürşat Amannepesowa, Nurmuhammet Gulow, Minara Esenowa, Atajan Annamuhammedow hem-de operatorlar Juma Seýitmyradow we Allaguly Hommakow dagy yhlasly zähmet çekip aýratyn tapawutlanýarlar.
    — Hormatly Prezidentimiziň beýik işlerine seslenmek we halkymyza düşündirmek, paýtagtymyzyň günsaýyn gözelleşýän görküniň waspyny çeper söz,  şygyr bilen beýan edip, halkymyzyň baş şäherimiz Aşgabada bolan söýgüsini artdyrmak, paýtagtymyzdaky gurlup ulanylmaga berilýän we durky täzelenýän binalary bilen tanyşdyrmak, berkarar ýurdumyzyň we ak şäherimiziň özgerişlerini, bu mekanda bolýan taryhy wakalary gyzgyny bilen halkymyza ýetirmek baş maksadymyz. Döwletli döwrümizde päk zähmetiň üstünlige eltýändigine guwanyp agzybirlikde döredijilikli zähmet çekýäris. Teleýaýlymymyzda döwrebap gepleşikleri taýýarlamak, bezeg işlerini ýerine ýetirmek üçin kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan montaž (kebşirleýiş) otaglary, dürli görnüşdäki gepleşikleri ýokary derejede kebşirlemäge, grafiki işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän döwrebap kompýuterler bar. Elbetde, işlemäge döredilen şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, halkymyzyň göwnünden turýan, Watanymyzyň rowaçlygyndan habar berýän gepleşikleri taýýarlamaga çalyşýarys. Päk we öndürijilikli zähmet çekýän, işde, döredijilikde aýratyn tapawutlanýan adamlara hormatly Prezidentimiz ýylyň- ýylyna Şa serpaýlaryny ýapýar.«Aşgabat» teleýaýlymynda hem hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlaryna mynasyp bolan tejribeli, halypa döredijilik işgärleri bilen birlikde, ýaşlaryň hem birnäçesi işleýär. Çekýän zähmetimize goýulýan şeýle sarpa hem bizi has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar — diýip «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjy we gurnaýjysy Ysmaýyl Muhammetdurdyýew gürrüň berýär.
    Şeýle-de teleýaýlymda tolkuna goýberiş bölümi, režissýorlar we suratkeşler, teleoperatorlar topary hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň ähli pudaklaryň işini kämilleşdirmek ugrunda edýän tagallalarynyň netijesinde «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik toparyna hem soňky ýyllarda 4K görnüşli kameralar ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň halal zähmet çekmek üçin döredip berýän mümkinçilikleridir tagallalary bu günki gün «Aşgabat» teleýaýlymynyň alyp barýan işlerinde, päk zähmetiň joşgunynda, kämil işiň has-da ilerlemeginde öz beýanyny tapýar. 
    Mahlasy, paýtagtymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän «Aşgabat» teleýaýlymynyň hünärmenleriniň maksatlary aýdyň, ümzügi diňe öňe. Teleýaýlymda goýberilýän gepleşikleriň hilini gowulandyrmak, ata Watanymyzyň rowaçlyk menzillerinden habar berýän gyzykly gepleşikleri, sagatsaýyn kämilleşýän ak şäherimizde, eziz Diýarymyzda bolup geçýän göwünleri joşduryjy  täzelikleridir buşluk habarlaryny halkymyza ýetirmek ähli hünärmenleriň öňlerinde goýýan baş maksady. Biz hem şeýle tutumly maksatlary kalbynda besleýän teleýaýlymyň döredijilik işgärleriniň ählisine döwrümiziň we paýtagtymyzyň ösüşlerine ses goşmakda uly üstünlikleri arzuw edýäris.