Üç sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy

    27-nji fewralda paýtagtymyzyň günorta künjegindäki Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda birbada üç sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden bagtyýar maşgalalar gatnaşdylar. Bu dabara köpçülikleýin medeni çärelere utgaşdy.
    Mälim bolyş ýaly, Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumy şäheriň Ýunus-Emre, Alty Garlyýew, Baba Annanow we «10 ýyl Abadançylyk» köçeleriniň çäklerinde 30 gektardan gowrak meýdanda bina edilýär.
    Ähli amatlyklary özünde jemleýän belent ýaşaýyş jaýlarynyň 216-synyň öýleriniň açarlary bagtyýar maşgalalara gowşuryldy.
    Belent jaýlaryň biri bir, iki, üç we dört otagly 108 öýden ybaratdyr. Beýleki jaýlaryň her birinde üç we dört otagly öýleriň 54-si ýerleşýär. Şolaryň amatly ýaşaýyş meýdany, goşmaça kömekçi desgalary bar. Öýleriň aşhanasy, otaglary, eýwany amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Häzirki zaman bezegi esasynda enjamlaşdyrylan mebelleriň hemmesi ýerli önümlerdir. Durmuş tehnikalary bolsa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden gelen enjamlardyr.
    Dabara gatnaşyjylar durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.