Iki iri desganyň — agrosenagat toplumynyň hem-de demir-beton önümlerini öndürýän kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy

    27-nji fewralda Gökdepe etrabynyň çäginde hususy bölege degişli iki iri desganyň — agrosenagat toplumynyň hem-de demir-beton önümlerini öndürýän kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
    Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň, milli parlamentiň deputatlarynyň, etrap häkimliginiň, sebitiň edaralarynyň we kärhanalarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, hormatly ýaşulularyň, giň jemgyýetçiligiň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň dowamynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygy bellenildi.
    Gurluşygyna badalga berilen agrosenagat toplumyny «Sowuk göz» hojalyk jemgyýeti bina eder. Ol 220 gektar meýdanda ýerleşdiriler. 
    Et önümleri kärhanasy toplumyň esasy desgalarynyň biri bolup, ýylda gara mallaryň we dowarlaryň etiniň 360 müň tonnasynyň önümçiligine niýetlenendir. 
    Balyk köpeltmäge we gaýtadan işlemäge niýetlenen ýapyk görnüşdäki balyk kärhanasy hem enjamlaşdyrylyş taýdan tapawutlanýar. Onuň taslama kuwwaty ýylda dürli görnüşli balyklaryň 240 tonnasynyň önümçiligine niýetlenendir.
    Toplumyň desgalarynyň hatarynda çakyr kärhanasy-da bar. Onuň kuwwaty ýylda 15 müň tonna üzümi gaýtadan işlemäge niýetlenendir.
    Toplumyň çäginde umumy meýdany 170 gektara barabar bolan 4 sany döwrebap ýyladyşhanalar halkyň ösen islegini kanagatlandyrmaga niýetlenendir.
    20 gektar ýerde limon ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem 70 gektarda pomidor, 10 gektarda hyýar we 20 gektar meýdanda bolsa dürli hili gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdiriler. Mundan başga-da, ýyladyşhanalarda we açyk meýdanlarda ekmäge niýetlenen dürli tohumlar we nahallar 10 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdiriler.
    Etrabyň çäginde ýylda 300-den 1200 millimetre çenli diametri bolan 500 müň metr beton turbalaryny we demir-beton önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň gurluşygyna  hem badalga berildi.