Žurnalistler üçin okuw maslahaty geçirildi

    26-njy fewralda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda howanyň we öri meýdanlarynyň üýtgemegi» atly žurnalistler üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu  çäre Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen  Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan gurnaldy. Okuw maslahatynda, hususan-da, bu jemgyýetiň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetiniň ösüşi üçin klimatyň üýtgemegini göz öňünde tutýan durnukly ýer serişdeleriniň ulanylmaklygynyň sebitara maksatnamasy bilen gatnaşyjylary giňden  tanyşdyryldy. Şeýle hem «Türkmenistanda öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak» babatynda Türkmenistanyň «Öri meýdanlary hakynda» kanunynyň esasy düzgünleriniň üstünde durlup geçildi.
    Okuwyň barşynda «Howanyň üýtgemegi näme?» «Howanyň maýlamagynyň tutuş dünýä we Merkezi Aziýa edýän täsiri» we gaýry meseleler barada düşünjeler berildi.