TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON SÖHBETDEŞLIGI

    25-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
    Milli Liderimiz we Ermenistanyň Hökümetiniň Başlygy däp bolan hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
    Söhbetdeşligiň dowamynda bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, uzak möhlete gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, köp ugurlary öz gerimine alýan kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi özara bähbitli türkmen-ermeni gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine aýratyn orun degişlidir. Bu topar ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam etmelidir.
    Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajyp şerti bolan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň möhüm orny nygtaldy.
    Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň üýtgewsiz erk-islegine daýanmak bilen, geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
    Telefon söhbetdeşligi ermeni tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.