AŞGABATDAN KERKÄ — BIR SAGATDA!

    Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hormatly Prezidentimiz Kerki şäherinde döwrebap howa menzilini gurmak baradaky Karara gol çekdi. Munuň özi taryhy Karardyr. Gurluşygyna şu ýylyň maý aýynda başlanyljak täze howa menzili 2021-nji ýylda ulanylmaga berler. 
    Milli Liderimiziň gol çeken Karary bilen howa menziliniň gurluşygy «Gündogdy» hususy kärhanasyna ynanyldy. Şeýlelikde, ýanwar aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýaly iri taslama ynanylan türkmen hususyýetçilerine ýene bir gezek uly ynam bildirildi. Olar sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek döwrebap howa menzilini gurarlar.
    Bu taslama «Gündogdy» hususy kärhanasynyň howa menzilleri babatynda ikinji işi bolar. 2009-njy ýylda döredilen hususy kärhananyň gurluşykçylary Türkmenabadyň Halkara howa menzilini hem bina edipdiler. Geçen 10 ýylyň dowamynda bu kärhananyň ýurdumyzyň çäginde iri gurluşyklaryň birnäçesini amala aşyrandygyny turuwbaşdan aýtmak gerek. «Gündogdy» hususy kärhanasy ilkinji taslamalaryny Balkan welaýat häkimliginiň buýurmalary boýunça amala aşyryp başlady. Şol buýurmalaryň çäginde Awaza etrap häkimliginiň edara binasyny, Garabogaz — Howa menzili — Awaza aýlawynyň merkezinde we Türkmenbaşy şäherinde çüwdürimli ýadygärlikler toplumlaryny, etrapda jemi 200 maşgala niýetlenen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-sini mysal getirip bolar. 2016 — 2018-nji ýyllar aralygynda bolsa Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň binalar toplumy görkezip bolar.
    Howa menzili Türkmenabat — Amyderýa demir ýoluna ýakyn ýerleşýän giňişlikde gurlar. Uçary öwürmek üçin aýlaw hem gurlar. Gurluşyk işleri 200 gektar meýdanda alnyp barlar. Bu ýerde dikuçarlar üçin hem 4 sany duralga göz öňünde tutular. Perron 165x240 metr giňlikde bolar.
    Kerkiniň howa menzili umumylykda 200 gektar meýdany eýelär. Gurluşyk işleri 7 müň 95 inedördül metr meýdanda alnyp barlar. Şol sanda bu ýerdäki binalar toplumy 6 müň 450 inedördül metr meýdanda ýerleşer.
    Howa menziliniň ýolagçy terminaly sagatda 100 ýolagça hyzmat eder. Onuň gapdalynda 28,8 metr beýiklikde dispetçer diňi hem gurlar. Howa menziliniň binalar toplumynyň gurluşygynda türkmen halkynyň milli binagärlik aýratynlyklary ylmyň iň soňky gazananlary bilen utgaşdyrylar. Şeýlelikde, onuň çylşyrymly binagärlik gurluşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus aýratynlyklary öz içine alar. Döwrebap tehnologiýa «Türkmenhowaýollary» agentliginiň we ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar. Terminalyň esasy zalynyň beýikligi 9 metre çenli ýeter we onuň üçegi dürli howa şertlerinden goraýjy gurluşlar bilen üpjün ediler.
    Ýolagçy terminalynyň umumy meýdany 1730 inedördül metre barabar bolar. Onuň içinde kassalar, ýolagçylary bellige alyş nokatlary, ýük üçin ýörite bölümler, ilkinji «Tiz kömek» bölümi, sowal-jogap bölümi, kafeteriý, gazet-žurnal kiosklary, sowgatlyk önümler satylýan dükanlar, dermanhana we beýleki bölümler gije-gündizleýin işlär. Bulardan başga-da, eneler we çagalar üçin ýörite otaglar, uçuşa garaşylýan 120 orunlyk eýwan hem ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar. Şol bir wagtyň özünde-de, CIP derejeli ýolagçylar üçin aýratyn bölüm göz öňünde tutulýar. Howa menzilinde ýolagçylara döwrebap we ýokary hilli hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler bolar. 
    Ýolagçy terminalynda wideogözegçilik ulgamy, howpsuzlyk gullugy, ýolagçylara we ýüklere hyzmat edýän aýratyn bölümler, döwrebap ýük, awtomatik ýangyn söndüriş ulgamlary, iş otaglarynda bolsa kämil kompýuterler bolar.
    Kerkiniň howa menzili kömekçi desgalaryň hem birnäçesi bilen üpjün ediler. Olaryň hatarynda ýolagçylaryň ýeňil awtoulaglary üçin duralga, awtobus duralgasy, menziliň awtoulaglary üçin ammar, tehniki bölüm, ýangyç, ýyladyş-sowadyş ulgamlary, suw desgasy, şol sanda içimlik we beýleki hajatlar üçin ulanyljak suw gorlary, kuwwatly elektrik paýlaýjy desgalar, meýdanyň umumy gorag simleri hem-de howa menziliniň işgärleri üçin ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bilen üpjün ediler. 
    Kerki şäherinde guruljak howa menziliniň derejesine göz ýetirmek üçin şu maglumatlar hem ýeterlik bolsa gerek. Nesip bolsa, maý aýynda gurluşygyna girişiljek menzil bary-ýogy iki ýyl soňra watandaşlarymyza hyzmat edip başlar. Sözümiziň ahyrynda onuň uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýratyn nygtamak isleýäris. Birinjiden, bu howa menzili ýurdumyzyň günorta-gündogar sebitinde ýaşaýan watandaşlarymyz üçin uly mümkinçilik bolar. Sebäbi Kerki hem-de Türkmenabat şäherleriniň arasy 200 kilometrden hem gowrak. Eger Köýtendaga gitjek bolsaň, ýene şonçarak ýol geçmeli. Täze menziliň gurulmagy bilen Aşgabatdan Kerkä bir sagat çemesi wagtda ýetip bolar. Bu bolsa ep-esli wagty hem, serişdäni hem tygşytlaýar. Ikinji sebäbi bolsa ýurdumyzyň bu künjeginiň dag-magdan baýlyklarydyr. Täze menzil olary özleşdirmekde, peýdalanyş mümkinçiliklerini artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
    Türkmenabadyň 26-njy fewralda açylyp, ulanylmaga berlenine bir ýyl bolýan Halkara howa menziliniň ykdysady görkezijileri juda guwandyryjy. Bize şeýle guwançly duýgulary Lebap welaýatyndaky ikinji howa menziliniň hem paýlajak günleri indi uzakda däl.